Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy
Makalanyň terjimeleri
Döredijilikler
Çeşmeler
Full Description
Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy
عقيدة أهل السنة والجماعة
Gözden geçireniň sözbaşy
Ähli hamdlar ýeketäk Allaha laýykdyr we pygamberleriň soňy bolan pygamberimiz Muhammet -sallallahu aleýhi we selleme- we onuň maşgalasyna we onuň sahabalaryna köp salam we salawatlar bolsun!
Şunlukda: Meniň üstünde durup geçen ynanç baradaky kitaby, gysgadan gowy jemlän doganymyz, görnükli ylymdar şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýmine laýyk bolup dur. Bu kitaby başyndan soňuna çenli diňledim we onuň Ähli sünnet we jemagatyň ynaçlaryny öz içine alýandygyna göz ýetirdim. Çünki bu kitap Allany rububiýetde (Allanyň işlik sypatlarynda) we uluhiýetde (Allany ybadatda) we gözel atlarynda we sypatlarynda birlemeklik baby, we onuň meleklerine we kitaplaryna we resullaryna we ahyriýet gününe we kadaryň haýyryna we şerine iman getirmeklik baplaryny öz içine alýandyr.
Şübhesiz, muny jemlemegi gaty gowy we peýdaly bolupdyr. Mundan her bir ylym talap ediji we her bir musulman özüne gerek bolaýjak ylymlaryny ýagny, Allahyna, onuň meleklerine, kitaplaryna, resullaryna, ahyret gününe, kadaryň haýyryna we şerine iman getirmekligi barada öwrenip biler. Mundan başgada ynanç barada uly peýdaly zatlar agzalypdyr, bular ýaly peýdalar ynanç baradaky ýazylan kitaplarda seýrek tapdyrýar.
Oňa Alla tagala haýyr sogap bermegini, ylymynyň we hidäýetiniň artmagyny dileýärin. Bu kitabynyň we beýleki kitaplarynyň hem peýda bermegini, bizi, ony we hemme hidäýetde bolan doganlarymyzy Alla ýoluna, ylym bilen hidäýete çagyrýanlardan etmegini Alla tagaladan soraýaryn! Çünki ol Ýakyndadyr we Eşidijidir!
Bu sözbaşy aýdan Alla tagalanyň rehmetine mätäç bolan Abdul-Aziz ibn Abdulla ibn Bäz. Alla onuň günälerini bagyşlasyn we Allanyň salam we salawatlary pygamberimiz bolan Muhammede we onuň maşgalasyna we sahabalaryna bolsun.
Ylmy derňeýiş, fetwa we dagwat guramasynyň öňki uly başlygy.
***
Sözbaşy
Rahman we Rahym bolan Allanyň ady bilen...
Ähli hamdu-senalar älemleriň robby bolan Allahadyr! Geljekgi gowylyk Alladan gorkanlaradyr we duşmançylyk hem diňe zalymlaradyr! Çünki şärigi bolmadyk ýeketäk ybadatlara hakly bolan Alladan başga ilähiň ýoklugyna şaýatlyk edýärin we pygamberleriň soňy we takwalaryň ymamy bolan Muhammet -sallallahu aleýhi we sellem- Allanyň guly we resulydygyna şaýatlyk edýärin.
Pygamberimize, onuň maşgalasyna, onuň sahabalaryna we kyýamata çenli ýagşylykda olaryň yzlaryna eýerenlere Allanyň salam we salawatlary bolsun!
Şunlukda: Çünki Alla tagala Muhammet -sallallahu aleýhi we sellemi- dogry ýola gönükdirmeklik, hemmelere rehmet bolan hak din bilen, amal edýänlere görelde bolmaklyk we Allanyň hemme ýaradanlaryna hüjjet bolmaklyk üçin resul edip iberendir.
Alla tagala her bir ýaradanynyň şu dünýäsiniň we ahyretiniň gowy we dogry halda bolmaklygyny, olaryň diňe dogry ynançly, päk amally, düzuw ahlakly we beýik edepli bolmaklygyny, Pygamberimize iberilen Kuran we sünnetiň üsti bilen aýdyň edendir.
Pygamberimiz - sallallahu aleýhi we sellem- öz ymmatyny dogry we aýdyň ýolda taşlap gidendir we bu ýolda özlerini heläkçilige uçuranlardan galany, azaşjak däldir.
Alla tagala we onuň resulyna boýun bolan Pygamberimiziň ymmaty şol aýdyň we dogry ýoldan dowam etdiler. Olar hem Pygamberimiziň sahabalaryna we olardan soňky gelenlere ýagşylykda eýerenlerdir. Olar Alla tagalanyň ýaradanlarynyň haýyrlylarydyr. Olar Pygamberimiziň getiren şerigatyny dikeldip we onuň sünnetine berik ýapyşyp, hiç sypmajak derejede ynançlaryny, ybadatlaryny we ahlakdyr-edeplerini berk oňa baglandyrlar. Olaryň şony etmekleri nejat tapan taýpadan bolmaklaryna sebäp bolandyr. Çünki olar Alla tagalanyň takdyr eden kyýamat gününe çenli, hak ýolda galjak taýpadyr we kim olara şer (erbetlik) ýetirjek bolsa, olara hiç-hili zyýany ýetmez.
Biz hem -Allaha hamdlar bolsun- olaryň yzlaryna eýerip, Kuran we sünnetiň gollan häsiýetlerinden sypatlanyp gelýändiris. Muny aýtmaklygymyz, Alla tagalanyň nygmatyna şükür etmekligimizdir. Megerem, her bir mu'miniň boýnuna muny beýan etmeklik wäjip bolanlygy üçin agzap geçendiris.
Alla tagaladan bizi we musulman doganlarymyzy şu dünýäde we ahyretde, säbit bolan sözde (lä ilähe illallah-da), säbit saklamagyny we hiç bir yzyna soramazdan beriji bolan Alla tagaladan bize rehmat etmegini soraýarys.
Bu mowzugymyzyň has gerekli bolmaklygyny we ýaradylanlaryň düşünjeleri bu mowzukda her dürli bolanlygy üçin, gysga hem bolsa, akydamyz bolan ähli sünnet we jemagatyň akydasynyň: Allaha, onuň meleklerine, kitaplaryna, resullaryna, ahyret gününe, kadaryň haýyryna we şerine iman getirmeklik barada ýazmaklygy gowy gördüm. Ýene-de Alladan bu işiň ýeketäk onuň razylygyna gabat gelmekligini we musulmanlara haýyr bermekligini soraýaryn.
***
Alla tagala we onuň at-sypatlaryna iman etmek
Biziň ynanjymyz: Alla tagalaga, onuň meleklerine, kitaplaryna, resullaryna, ahyret gününe, kadaryň haýyryna we şerine iman getirmeklikdir.
Allanyň rububiýet (işlik eduwjy) sypatyna iman getirýäris. Megerem, Ol Ýaradyjy we hemme zadyň Eýesi bolup, olary Dolandyryjydyr.
Allanyň uluhiýet (ybadata hakly) sypatyna iman getirýäris. Megerem, Ol ybadata hakly ýeketäk ilähdir, we ondan başga ybadat edilýänleriň ählisi batyldyr.
Allanyň gözel atlaryna we sypatlaryna iman getirýäris. Megerem, Ol beýik, kämil we gözel at-sypatlaryň eýesidir.
Alla tagalanyň ýeketäkligine iman getirýäris. Megerem, Onuň rububiýasynda we uluhiýasynda we gözel at-sypatlarynda hiç şärigi ýokdyr.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قوله تعالى: (رَبُّ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَمَا بَيْنَهُمَا فَاعْبُدْهُ وَاصْطَبِرْ لِعِبَادَتِهِ هَلْ تَعْلَمُ لَهُ سَمِيًّا) مريم 65
(Ol asmanlaryň, ýeriň we bularyň arasyndakylaryň Perwerdigäridir. Sen Oňa ybadat et we ybadatda sabyr et! Heý, sen Oňa deňdeş we meňzeş bolan başga birini bilýärmiň?!) diýdi. (Merýem:65).
Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:
قوله تعالى: (اللَّهُ لَا إِلَٰهَ إِلَّا هُوَ الْحَيُّ الْقَيُّومُ ۚ لَا تَأْخُذُهُ سِنَةٌ وَلَا نَوْمٌ ۚ لَهُ مَا فِي السَّمَاوَاتِ وَمَا فِي الْأَرْضِ ۗ مَنْ ذَا الَّذِي يَشْفَعُ عِنْدَهُ إِلَّا بِإِذْنِهِ ۚ يَعْلَمُ مَا بَيْنَ أَيْدِيهِمْ وَمَا خَلْفَهُمْ ۖ وَلَا يُحِيطُونَ بِشَيْءٍ مِنْ عِلْمِهِ إِلَّا بِمَا شَاءَ ۚ وَسِعَ كُرْسِيُّهُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضَ ۖ وَلَا يَئُودُهُ حِفْظُهُمَا ۚ وَهُوَ الْعَلِيُّ الْعَظِيمُ) البقرة 255
)Alladan özge hiç hili ybadata hakly iläh ýokdur. Ol Diridir, Kaýýumdyr (bendeleriň işini ýöredýändir). Ol uklamaz, (hatda) irkilmezem. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zat Onuňkydyr. Ondan bidin, Onuň ýanynda kim şepagat edip biler? Ol bendeleriň edýän we etjek ähli işlerini bilýändir. (Ynsanlar) Onuň ylmyndan Özüniň islän zadyndan başga hiç zadyň (hakykatyna) doly düşünip bilmezler. Onuň kürsüsi asmanlary we ýeri (doly) gurşap alandyr. Ol ikisini (asmany we ýeri) gorap saklamak Oňa kyn däldir. Ol (Alla) Beýikdir, Belentdir). (Bakara:255).
Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:
قوله تعالى: (هو الله الذي لا إله إلا هو عالم الغيب والشهادة هو الرحمن الرحيم (22) هو الله الذي لا إله إلا هو الملك القدوس السلام المؤمن المهيمن العزيز الجبار المتكبر سبحان الله عما يشركون (23) هو الله الخالق البارئ المصور له الأسماء الحسنى يُسَبِّحُ لَهُ مَا فِي القرمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَهُوَ الْعَزِيزُ الْحَكِيمُ(24) ) الحشر 22-24
(Ol Alladan özge hiç hili ybadata hakly iläh ýokdur. Ol görülýän we görülmeýän (ähli) zady bilýändir. Ol Rahmandyr (Mähribandyr), Rahymdyr (Rehim-şepagatlydyr). Ol Alladan özge hiç hili ybadata hakly iläh ýokdur. Ol Melikdir (Hökümdardyr), Kuddusdyr (Kemçiliklerden päkdir), Salamdyr (Salamatlyga ýetirýändir), Mömindir (Amanlyga ýetirýändir), Muheýmindir (Seredip duran gözegçidir), Ezizdir (Gudraty güýçlüdir), Jepbardyr (Güýç ulanyjydyr), Mutekebbirdir (Beýiklikde deňi-taýy ýokdur). Alla özüne şärik goşýanlaryň aýdýan zatlaryndan päkdir (hem-de beýikdir). Ol Alla Halykdyr (Ýaradyjydyr), Barydyr (Ýokdan bar edijidir), Musawwyrdyr (Şekil-surat berijidir). Ähli gözel atlar Onuňkydyr. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Ony tesbih eder. Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir). (Haşyr:22-24).
Asmandaky we ýerdäki hemme zat, Alla tagalanyň mülkidigine iman getirýäris:
قال تعالى: (لِلَّهِ مُلْكُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ يَخْلُقُ مَا يَشَاءُ يَهَبُ لِمَنْ يَشَاءُ إِنَاثًا وَيَهَبُ لِمَنْ يَشَاءُ الذُّكُورَ (49) أَوْ يُزَوِّجُهُمْ ذُكْرَانًا وَإِنَاثًا وَيَجْعَلُ مَنْ يَشَاءُ عَقِيمًا إِنَّهُ عَلِيمٌ قَدِيرٌ (50)) الشورى49-50
(Asmanlar we ýer Allanyň gol astyndadyr. Ol islän zadyny bar eder, islänine gyz perzent, islänine bolsa ogul perzent miýesser eder. Ýa-da olary gyz we erkek perzent edip ýaratmak bilen jübüt-jübüt eder (hem gyz hem oglan çaga berer). Islänini bolsa nesilsiz (önelgesiz) goýar. Takyk, Ol (ähli zady) bilýändir, (ähli zada) güýji ýetýändir). (Şura:49,50).
Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:
قال تعالى: (فَاطِرُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ ۚ جَعَلَ لَكُمْ مِنْ أَنْفُسِكُمْ أَزْوَاجًا وَمِنَ الْأَنْعَامِ أَزْوَاجًا ۖ يَذْرَؤُكُمْ فِيهِ ۚ لَيْسَ كَمِثْلِهِ شَيْءٌ ۖ وَهُوَ السَّمِيعُ الْبَصِيرُ (11) لَهُ مَقَالِيدُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ يَبْسُطُ الرِّزْقَ لِمَنْ يَشَاءُ وَيَقْدِرُ ۚ إِنَّهُ بِكُلِّ شَيْءٍ عَلِيمٌ) الشورى11-12
) Onuň (Allanyň) hiç hili meňzeşi ýokdur. Ol (ähli zady) eşidýändir (we) görýändir. Asmanlaryň we ýeriň açarlary Onuň (elindedir). Ol isläniniň rysgalyny köp etse, isläniniň rysgalyny az eder. Elbetde, Ol her bir zady bilýändir)(. (Şura:11,12.)
Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:
قال تعالى: (وَمَا مِن دَابَّةٍ فِي الْأَرْضِ إِلَّا عَلَى اللَّهِ رِزْقُهَا وَيَعْلَمُ مُسْتَقَرَّهَا وَمُسْتَوْدَعَهَا ۚ كُلٌّ فِي كِتَابٍ مُّبِينٍ) هود 6
)Ýer ýüzünde hereket edýän bir zat bar bolsa, onuň rysgalyny Alla berýändir. (Alla) onuň (bu dünýädäki) mesgenini-de, (ölenden soňky) amanat ediljek ýerini-de bilýändir. (Bularyň) ählisi anyk kitapda (Lowhy-mahfuzda) ýazylandyr(. (Hud:6).
Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:
قال تعالى: (وَعِنْدَهُ مَفَاتِحُ الْغَيْبِ لَا يَعْلَمُهَا إِلَّا هُوَ ۚ وَيَعْلَمُ مَا فِي الْبَرِّ وَالْبَحْرِ ۚ وَمَا تَسْقُطُ مِنْ وَرَقَةٍ إِلَّا يَعْلَمُهَا وَلَا حَبَّةٍ فِي ظُلُمَاتِ الْأَرْضِ وَلَا رَطْبٍ وَلَا يَابِسٍ إِلَّا فِي كِتَابٍ مُبِينٍ)الانعام 59
)Gaýyp (älemiň) açarlary Ondadyr (Allahdadyr). Olary (bir) Özünden başga hiç kim bilmez. Ol gury ýerdäki we deňizlerdäki (ähli zady) bilýändir. Ol ýere gaçan (her) bir ýapragy hem bilýändir. (Ol) ýeriň tümlüklerinde ýatan bir dänäni, öl bolsun, gury bolsun (tapawudy ýok, näme bar bolsa) bilýändir. Olaryň hemmesi (Lowhy-mahfuzda) äşgär kitapda (ýazylandyr)(. (Engam:59).
Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:
قال تعالى (إِنَّ اللَّهَ عِندَهُ عِلْمُ السَّاعَةِ وَيُنَزِّلُ الْغَيْثَ وَيَعْلَمُ مَا فِي الْأَرْحَامِ ۖ وَمَا تَدْرِي نَفْسٌ مَّاذَا تَكْسِبُ غَدًا ۖ وَمَا تَدْرِي نَفْسٌ بِأَيِّ أَرْضٍ تَمُوتُ ۚ إِنَّ اللَّهَ عَلِيمٌ خَبِيرٌ) لقمان 34
) Elbetde, kyýamatyň haçan gopjakdygy hakdaky maglumat diňe Allahdadyr. Ol ýagşy ýagdyrýar we enäniň göwresindäkini bilýär. Hiç kim ertir näme gazanjagyny bilmez we hiç kim nirede öljekdigini hem bilmez. Takyk, Alla (ähli zady) bilýändir, (ähli zatdan) habardardyr)( . (Lukman:34).
Alla tagala näme islese, haçan islese, nähili halatda islese, gürleýändigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala, şu aşakdaky aýatlarda şeýle diýýär:
قال تعالى (وَكَلَّمَ اللَّهُ مُوسَىٰ تَكْلِيمًا) النساء 164
(Alla Musa bilen sözleşip gepleşdi). (Nisa:164).
قال تعالى (وَلَمَّا جَاءَ مُوسَىٰ لِمِيقَاتِنَا وَكَلَّمَهُ رَبُّهُ) الأعراف 143
)Haçanda Musa bellän ýerimize gelende‚ Perwerdigäri onuň bilen sözleşip gepleşdi(. (Agraf:143).
قال تعالى (وَنَادَيْنَاهُ مِنْ جَانِبِ الطُّورِ الْأَيْمَنِ وَقَرَّبْنَاهُ نَجِيًّا) مريم 52
) Biz oňa Tur (dagynyň) sag tarapyndan seslendik we ony syrdaş derejesinde Özümize ýakynlaşdyrdyk (. (Merýem:52).
Alla tagala, özüni şu aýatlarda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:
قال تعالى (قُلْ لَوكَانَ الْبَحْرُ مِدَادًا لِكَلِمَاتِ رَبِّي لَنَفِدَ الْبَحْرُ قَبْلَ أَنْ تَنْفَدَ كَلِمَاتُ رَبِّي) الكهف109
) Egerde deňiz Perwerdigärimiň sözlerini (ýazmak üçin) syýa bolan bolsa, onda Perwerdigärimiň sözleri gutarmazyndan öň, deňiz gutarar (. (Kehf:109).
قال تعالى (وَلَوْ أَنَّمَا فِي الْأَرْضِ مِنْ شَجَرَةٍ أَقْلَامٌ وَالْبَحْرُ يَمُدُّهُ مِنْ بَعْدِهِ سَبْعَةُ أَبْحُرٍ مَا نَفِدَتْ كَلِمَاتُ اللَّهِ ۗ إِنَّ اللَّهَ عَزِيزٌ حَكِيمٌ) لقمان 27
) Eger ýer ýüzündäki ähli agaçlar galam bolsa we deňiz, onuň yzyndan ýene ýedi deňiz goşulyp (syýa bolup) gelse-de, Allanyň sözleri (ylmy, hökümleri) gutarmaz. Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir(. (Lukman:27).
Alla tagalanyň sözleri, aýdyň- kämil sözlerden bolup, habarlarynda dogruçyl, hökümlerinde adylly, gepleşiginde paýhaslydygyna iman getirýäris.
Alla tagala aşakdaky aýatlarda şeýle diýýär:
قال تعالى (وَتَمَّتْ كَلِمَتُ رَبِّكَ صِدْقًا وَعَدْلً) الانعام 115
)Seniň Perwerdigäriň sözi dogrulyk we adalat taýdan kämildir(. (Engam:115).
قال تعالى (وَمَنْ أَصْدَقُ مِنَ اللَّهِ حَدِيثًا) النساء87
)Alladan özge has dogry sözli kim bolup biler?!(. (Nisä:87).
Kurany Kerim hakykatdanda Allanyň gürlän sözüdigine, we ony birinji Jebraýyl –aleýhisseläme- aýdandygyna we soňra Jebraýyl Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemiň- kalbyna wahy edip düşürendigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى (قُلْ نَزَّلَهُ رُوحُ الْقُدُسِ مِنْ رَبِّكَ بِالْحَقِّ لِيُثَبِّتَ الَّذِينَ آمَنُوا وَهُدًى وَبُشْرَىٰ لِلْمُسْلِمِينَ ) النحل102
) (Eý, Muhammet!) Aýt: «Ony (Kurany) Perwerdigäriň tarapyndan Ruhul-Kudus (Jebraýyl) iman getiren kişileriň (imanyny) berkitmek, musulmanlara dogry ýoly görkezmek hem-de buşluk bolmagy üçin hak (ýol) bilen inderdi»(. (Nahl:102).
قال تعالى (وَإِنَّهُ لَتَنزيلُ رَبِّ الْعَالَمِين (192) نَزَلَ بِهِ الرُّوحُ الأمِينُ (193) عَلَى قَلْبِكَ لِتَكُونَ مِنَ الْمُنْذِرِينَ (194)بِلِسَانٍ عَرَبِيٍّ مُبِينٍ) الشعراء192-195
)Takyk, bu hem (Kuran) älemleriň Perwerdigäriniň inderenidir. Ony Ruhul-emin (Jebraýyl) getirendir. Ony seniň kalbyňa duýduryjylardan (pygamberlerden) bolmagyň üçin äşgär bolan arap dilinde inderendir(. (Şugara:192-195).
Gudratly, Beýik Alla tagala, bütin mahluklaryndan, özi we sypatlary bilen beýikdedir.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى (وَهُوَ الْعَلِيُّ الْعَظِيمُ) الشورى 4
) Ol Beýikdir, Belentdir(. (Şura:4).
قال تعالى (وَهُوَ الْقَاهِرُ فَوْقَ عِبَادِهِ ۚ وَهُوَ الْحَكِيمُ الْخَبِيرُ) الانعام 18
)Ol bendelerine (höküm etmekde) ähli ygtyýara we güýje eýedir. Ol hikmet eýesidir, (ähli zatdan) habardardyr.( (Engam:18).
Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:
قال تعالى (إِنَّ رَبَّكُمُ اللَّهُ الَّذِي خَلَقَ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضَ فِي سِتَّةِ أَيَّامٍ ثُمَّ اسْتَوَىٰ عَلَى الْعَرْشِ يُدَبِّرُ الْأَمْرَ مَا مِنْ شَفِيعٍ إِلَّا مِنْ بَعْدِ إِذْنِهِ ۚ ذَٰلِكُمُ اللَّهُ رَبُّكُمْ فَاعْبُدُوهُ ۚ أَفَلَا تَذَكَّرُونَ) يونس 3
)Ol asmanlary we ýeri alty günde ýaratdy. Soň (özüne mahsus görmüşde) arşa istiwa etdi (hökmürowanlyk bilen älemi dolandyrdy). (Ol ähli) işi dolandyrýar)(. (Ýunus:3).
We arşa istiwa etmekligi, onuň üstünde özi bilen beýikde bolmaklygy, diňe oňa laýykdyr, we onuň nähili haldadygyny özünden başga bilýän ýokdyr.
Alla tagalanyň, özi arşynyň üstünde bolup, ylmy bilen gullarynyň hallaryny bilýändigine, sözlerini eşidýändigine, amallaryny görýändigine, işlerini ýöredýändigine, garybyny ryzyklap we ejizini beketýändigine iman edýäris. Mülki islänine berer, isläninden mülki alar, islänini beýik eder, islänini har-zelil eder we bütin haýyrlar onuň elindedir. Onuň ähli zada güýji ýetýändigine iman getirýäris. Bu sypatlaryň eýesi Alla tagala, hakykatdan-da arşynyň üstünde bolsada, Ol ylmy bilen, gullary bilýändir.
قال تعالى(لَيْسَ كَمِثْلِهِ شَيْءٌ وَهُوَ السَّمِيعُ الْبَصِيرُ)الشورى11
)Onuň (Allanyň) hiç hili meňzeşi ýokdur. Ol (ähli zady) eşidýändir (we) görýändir(. (Şura:11).
Jehmi fyrkasynyň bir taýpasy bolan Hluliýýa taýpasy we başgalary şeýle diýdiler: “Alla tagala gullary bilen bilelikde bir ýerdedir". Biz bu fyrkanyň diýenini diýýän däldiris.
Kim şol pikiri göterýän bolsa, onda ony kapyr ýa-da ýoldan azaşanlardan diýip, hasaba alýandyrys. Sebäbi ol Alla tagalany mynasyp bolmadyk, kemlik sypat bilen sypatlandyrandyr.
Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemiň- habar bermeginde, çünki Alla tagala her gijäniň soňky üçünji böleginde, dünýä gatlagyndaky asmana düşýändigine iman getirýäris.
Şonda Alla tagala aýdar:
“Kim meni çagyrýar, men oňa jogap bereýin, kim menden hajatyny soraýar, men onuň hajatyny bitireýin, kim menden magfiret etmegimi (günäsini geçmegimi) soraýar, men oňa magfiret edeýin".
Alla tagala kyýamat gününde, gullaryny aýyl-saýyl etmeklik üçin gelýändigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (كَلاّ إِذا دُكَّتِ الأَرضُ دَكًّا دَكًّا (21) وَ جاءَ رَبُّكَ وَ المَلَكُ صَفًّا صَفًّا (22) وَ جِيءَ يَومَئِذٍ بِجَهَنَّمَ يَومَئِذٍ يَتَذَكَّرُ الإِنسانُ وَ أَنّي لَهُ الذِّكري) الفجر 21-23
)Ýok! (Siziň bu edýän işiňiz düýbünden ýalňyş). Dünýä sarsyp, bölek-bölek bolan wagty! Perwerdigäriň gelende, perişdeleriň hatar-hatar düzülen wagty! Dowzah getirilen wagty, ynsan diňe şol gün (ýalňyşyna) düşüner. Emma (ol gün) akyl ýetireniniň peýdasy ýokdur(. (Fejr:21-23).
Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:
قال تعالى: (فَعَّالٌ لِّمَا يُرِيدُ) البروج 16
)Ol islän zadyny amala aşyrýandyr(. (Buruç:16).
Alla tagalanyň islegi (iradasy) ikä bölünýändigine iman getirýäris:
Birinjisi: Ähli-umumylyk (kewni) islegi, Allanyň bu bölümdäki islegi amala aşýandyr, her bir amala aşyran zadyny, ony söýenligine delalat edýän däldir, we muny “meşiýe" (isleg) manysynda hasaba alynandyr, edil Alla tagalanyň aýdyşy ýaly:
قال تعالى (وَلَوْ شَاءَ اللَّهُ مَا اقْتَتَلُوا وَلَٰكِنَّ اللَّهَ يَفْعَلُ مَا يُرِيدُ) البقرة 253
) Eger Alla islesedi, olar söweşmezdiler. Emma Alla islän zadyny amala aşyrýandyr(. (Bakara:253).
Ikinjisi: “Şerigatlanan (şergy) islegi, Allanyň bu bölümdäki isleginiň amala aşmaklygy şert däldir, ýöne bu bölümdäki amala aşyran her bir islegini, söýenligine delalat edýändir, edil Alla tagalanyň aýdyşy ýaly:
قال تعالى: (وَاللَّهُ يُرِيدُ أَنْ يَتُوبَ عَلَيْكُمْ) النساء 27
)Alla siziň tobaňyzy kabul etmek isleýär(. (Nisa:27).
Alla tagalanyň kewni we şergy isleginiň, Onuň hikmetine baglydygyna iman getirýäris. Çünki her bir kewni taýdan amala aşan zady ýa-da ýaradylanlaryň şergy taýdan ybadat etmekleri, Onuň hikmetine baglydyr. Egerde biz şol hikmeti ylymymyza görä bilsek-de, akylymyza görä alyp başarmasak-da, oňa oman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (أَلَيْسَ ٱللَّهُ بِأَحْكَمِ ٱلْحَٰكِمِينَ) التين 8
) Alla höküm ýöredijileriň iň rüstemi dälmi eýsem?(. (Tin:8).
قال تعالى: (وَمَنْ أَحْسَنُ مِنَ ٱللَّهِ حُكْمًا لِّقَوْمٍۢ يُوقِنُونَ) المائدة50
) (Allanyň adalatly hökümine) anyk göz ýetiren kowum üçin, Alladan has gowy höküm berjek kim bar?!(. (Mäide:50).
Alla tagala welilerini söýýändigine we olar hem Allasyny söýýändigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şu aşakdaky aýatlarda şeýle diýýär:
قال تعالى: (قُلْ إِن كُنتُمْ تُحِبُّونَ ٱللَّهَ فَٱتَّبِعُونِى يُحْبِبْكُمُ ٱللَّهُ) ال عمران 31
( (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger Allany söýýän bolsaňyz, maňa tabyn boluň! (Şonda) Alla hem sizi söýer)). (Äli-Ymran:31).
قال تعالى: (فسوف يأتي الله بقوم يحبهم ويحبونه) المائدة 54
) Özüniň (Allanyň) söýýän, olaryň hem Ony (Allany) söýýän, kowmyny (milletini) getirer) ((Mäide:54).
قال تعالى: (وَاللَّهُ يُحِبُّ الصَّابِرِينَ) ال عمران 146
(Alla sabyr edenleri halaýandyr). (Äli-Ymran:146).
قال تعالى: (وَأَقْسِطُوٓاْ إِنَّ ٱللَّهَ يُحِبُّ ٱلْمُقْسِطِينَ) الحجرات 9
(Adalatly boluň! Takyk, Alla adalatly bolanlary söýýändir). (Hujurat:9).
قال تعالى: (وَأَحْسِنُوا ۛ إِنَّ اللَّهَ يُحِبُّ الْمُحْسِنِينَ) البقرة 195
(Haýyr-sahawat ediň! Takyk, Alla haýyr-sahawat edýänleri halaýandyr). (Bakara:195).
Alla tagala din edip goýan, amallardan we sözlerden razydyr, we şolardan gaýtarlan zatlary hem, ýigrenýändigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (إِن تَكْفُرُواْ فَإِنَّ ٱللَّهَ غَنِىٌّ عَنكُمْ ۖ وَلَا يَرْضَىٰ لِعِبَادِهِ ٱلْكُفْرَ ۖ وَإِن تَشْكُرُواْ يَرْضَهُ لَكُمْ) الزمر 7
(Eger inkär etseňiz, takyk, Allanyň size mätäçligi ýokdur! Şeýle-de bolsa, Ol bendeleriniň kapyr bolmagyna razy däldir. Eger şükür etseňiz, (peýdaňyz) üçin oňa (şükranalagyňyza) razy bolar!). (Zümer:7).
قال تعالى: (وَلَـٰكِن كَرِهَ اللَّـهُ انبِعَاثَهُمْ فَثَبَّطَهُمْ وَقِيلَ اقْعُدُوا مَعَ الْقَاعِدِينَ) التوبة 46
(Emma Alla çykmaklaryny islemän, olary halaman saklady we olara: "Galanlar (ýagny, aýallar, ýaş çagalar we ejiz natuwan kişiler) bilen bile oturyberiň" diýildi). (Toba:46).
Alla tagala iman getirip, salyh amal edenlerden razydygyna iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمْ وَرَضُوا عَنْهُ ۚ ذَٰلِكَ لِمَنْ خَشِيَ رَبَّهُ) البينة 8
(Alla olardan, olar hem Alladan razy bolandyr. Ine, bu (razyçylyk mertebesi) Perwerdigärden gorkan takwalaryňkydyr). (Beýýine:8)
Alla tagala gazaba hakly bolan kapyrlara we şolar ýalylara gazap edýändigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (ٱلظَّآنِّينَ بِٱللَّهِ ظَنَّ ٱلسَّوْءِ ۚ عَلَيْهِمْ دَآئِرَةُ ٱلسَّوْءِ وَغَضِبَ ٱللَّهُ عَلَيْهِمْ) الفتح6
(Alla hakynda ýaman güman etdiler, erbetlik belasy olaryň üstüne bolsun! Alla olara gazaplandy). (Feth:6).
قال تعالى: (وَلَٰكِن مَّن شَرَحَ بِٱلْكُفْرِ صَدْرًا فَعَلَيْهِمْ غَضَبٌ مِّنَ ٱللَّهِ وَلَهُمْ عَذَابٌ عَظِيمٌ) النحل 106
(Emma kim köňlüni (ýüregini) kapyrlyga açsa, olaryň üstüne Alladan gazap (iner). Olar üçin uly azap bardyr). (Nahl:106).
Alla tagalanyň beýik, keremli wasp edilen ýüziniň bardygyna iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (وَيَبْقَىٰ وَجْهُ رَبِّكَ ذُو ٱلْجَلَٰلِ وَٱلْإِكْرَامِ) الرحمن 27
(Beýiklik we kerem sahyby bolan Perwerdigäriň ýüzi baky-ebedi galar). (Rahman:27).
Alla tagalanyň beýik, keremli bolan iki eliniň bardygyna iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (بَلْ يَدَاهُ مَبْسُوطَتَانِ يُنفِقُ كَيْفَ يَشَآءُ) المائدة 64
(Ýok! (Tersine), Onuň (Allanyň) iki eli hem açykdyr, Ol islänine (isleýşi ýaly) berer). (Mäide:64).
قال تعالى: (وَمَا قَدَرُواْ ٱللَّهَ حَقَّ قَدْرِهِۦ وَٱلْأَرْضُ جَمِيعًا قَبْضَتُهُۥ يَوْمَ ٱلْقِيَٰمَةِ وَٱلسَّمَٰوَٰتُ مَطْوِيَّٰتٌۢ بِيَمِينِهِۦ ۚ سُبْحَٰنَهُۥ وَتَعَٰلَىٰ عَمَّا يُشْرِكُونَ) الزمر 67
(Olar (Alla şärik goşanlar) Allany doly manyda tanap bilmediler. Kyýamat gününde ýer dolulygyna Onuň gysymynda bolar. Asmanlar hem Onuň sag elinde düýrlener. (Alla) şärik goşýan zatlaryndan päkdir, beýikdir). (Zümer:67).
Alla tagalanyň hakykatdan-da iki gözüniň bardygygyna iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (وَٱصْنَعِ ٱلْفُلْكَ بِأَعْيُنِنَا وَوَحْيِنَا ) هود 37
(Biziň gözümiziň alnynda we wahymyza görä gämi ýasa). (Hud:37).
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem aýtdy: “Örtgisi nurdan, eger ony açaýsa, ýüziniň nury, gözüniň ýeten ýerini ýakyp taşlar".
Ähli sünnet we jemagatyň bir agyzdan ylalaşmaklygynda, elbetde Alla tagalanyň gözleri iki gözden ybaratdyr we bu ýerde Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemiň- dejjal barada aýdan sözi delil bolýar:
“Çünki ol bir gözlidir, we elbetde Perwerdigäriňiz bir gözli däldir".
Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris.
قال تعالى: (لَّا تُدْرِكُهُ ٱلْأَبْصَٰرُ وَهُوَ يُدْرِكُ ٱلْأَبْصَٰرَ وَهُوَ ٱللَّطِيفُ ٱلْخَبِيرُ) الانعام 103
(Gözler (bu dünýäde) Ony görüp bilmez. Emma Ol ähli gözleri görýändir. Ol (ähli zadyň) inçe syrlaryny (hem) bilýändir, (ähli zatdan) habardardyr) (Engam:103).
Mü'minleriň kyýamat güni Perwerdigärlerini görjeklerine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (وجوه يومئذ ناضرة (22) إلى ربها ناظرة) القيامة 22-23
(Ol gün ýalpyldap duran (nurly) ýüzler (çyn möminleriň ýüzleri) bolar. Ol (ýüzler) özleriniň Perwerdigärine serederler). (Kyýamat:22,23).
Alla tagala, sypatlarynda kämil bolanlygy üçin, Onuň meňzeşi ýokdygyna iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (لَيْسَ كَمِثْلِهِۦ شَىْءٌ وَهُوَ ٱلسَّمِيعُ ٱلْبَصِيرُ) الشورى 11
(Onuň (Allanyň) hiç hili meňzeşi ýokdur. Ol (ähli zady) eşidýändir (we) görýändir). (Şura:11).
Alla tagalanyň, Haý we Kaýýum sypatlarynyň kämil bolmagy sebäpli, uklamajagyna we ukusy gelmejegine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (لَا تَأْخُذُهُ سِنَةٌ وَلَا نَوْمٌ) البقرة 255
(Ol uklamaz we (hatda) irkilmezem). (Bakara:255).
Bu sebäp, Onuň kämil diriligi we ebedi durujylygy sebäplidir.
Alla tagalanyň kämil adyllygy sebäpli, hiç bir adama zulum etmeýänligine iman getirýäris.
Onuň kämil dolandyryjylygy we doly gurşap almaklygy sebäpli, öz gullarynyň amallaryndan bihabar däldigine iman getirýäris.
Kämil ylmy we gudratlylygy sebäpli, asmanlardaky we ýerdäki haýsam bolsa bir zat, Alla tagala agram berip bilmejekligine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (إِنَّمَا أَمْرُهُ إِذَا أَرَادَ شَيْئًا أَنْ يَقُولَ لَهُ كُنْ فَيَكُونُ) يس 82
(Ol bir zady (ýaratmak) islän wagty Onuň işi oňa diňe «Bol!» diýmekdir. Ol (zat) dessine (peýda) bolar) (Ýäsin:82).
Güýç we kuwwatynyň kämilligi sebäpli, Alla tagala ýadawlyk we ysgynsyzlyk ýolukyp bilmejekligine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (وَلَقَدْ خَلَقْنَا ٱلسَّمَٰوَٰتِ وَٱلْأَرْضَ وَمَا بَيْنَهُمَا فِى سِتَّةِ أَيَّامٍۢ وَمَا مَسَّنَا مِن لُّغُوبٍۢ) ق 38
(Kasam bolsun! Biz asmanlary, ýeri we bu ikisiniň arasyndaky (ähli) zatlary alty günde ýaratdyk. Bize (hiç hili) ýadawlyk degen däldir) (Kaf:38).
ýagny, ýadawlyk we ysgynsyzlyk.
Biz Alla tagalanyň özüni sypatlandyrýan we Onuň resulynyň sypatlandyrýan, ähli gözel at-sypatlaryny tassyklaýarys we iman getirýäris, ýöne biz iki sany uly gorkuly zatdan daşdadyrys.
Onuň birinjisi: Şekillendirmek. Mysal üçin, ýüregi ýa-da dili bilen: “Alla tagalanyň sypatlary, ýaradylan zatlaryň sypatlary ýalydyr" diýmekligidir.
Ikinjisi bolsa: Meňzeşdirmeklik. Mysal üçin, ýüregi ýa-da dili bilen: “Alla tagalanyň sypatlary şuňa we şuňa meňzeşdir" diýmekligidir.
Alla tagalanyň özünden, her bir gaýtaran zadyny, ýa-da Onuň resulynyň -sallallahu aleýhi we sellemiň- Ondan gaýtaranyny, gaýtarýanlygymyza iman getirýäris. Çünki ol gaýtarmaklyk, kämil tersini tassyklaýanlygyny öz içine alýar. Alla tagalanyň we Onuň resulynyň gep açmadyk zadyna, gep açmaýarys.
We çünki bu ýoldan ýöremeklik, hökman parz bolup durandygyny görýäris we munuň sebäbi, çünki Allanyň özüne tassyklan zady, ýa-da kemçilikden päk halynda, özünden gaýtaran zady, Allanyň özünden habar beren habarydyr. Ol öz-özi barada iň gowy biluwjydyr. aýdanda has dogruçyl, sözleşende has gowusy, ýaradylanlaryň ylmy bolsa, Ony doly bilmeklige ýetmez.
We Onuň resulynyň, Oňa tassyk eden zady ýa-da Ondan gaýtaran zady, onuň Alladan habar beren habarydyr. Ol Perwerdigärini adamlaryň içinden iň gowy bilijidir, ýaradylanlaryň has haýyrlysydyr, olaryň has dogryçylydyr we olaryň içinden iň gowy dile çeperidir.
Ylmyň, dogryçyllygyň we açyklamagyň kämilligi diňe Alla tagalanyň we Onuň resuly -sallallahu sleýhi we sellemiň- sözündedir. Kim ony terk etse ýa-da kabul etmekde nä-guman bolsa, oňa ol uzr bolmaýar.
***
Kuran we sünnete daýanmaklygyň ähmiýetligi
Her bir agzap geçen, Alla tagalanyň sypatlaryny, giňişleýin ýa-da gysga görnüşde, tassyklanan ýa-da inkär edilen görnüşde bolsun, çünki biz bularda Perwerdigärimiziň kitabyna we Pygamberimiziň sünnetine daýanýandyrys we-de geçenki selef ymmatynyň we hidäýetde bolan soňky ymamlaryň ýörän ýolundan barýandyrys.
Kuran we sünnetde gelen her bir ýazgylary, göni manysynda we hakykatdanda beýik Alla tagala laýyk bolan halda, kabul etmelidigini wäjip görýäris.
Her bir gelen ýazgylary, Alla tagalanyň we Onuň resulynyň islemedik zatlaryna çekip, manylaryny üýtgedýänleriň ýollaryndan daşdadyrys.
Ýene-de şol ýazgylary, Alla tagalanyň we Onuň resulynyň islän we dogry delalat edýän manylaryny düýbünden taşlaýanlaryň ýolundan hem daşdadyrys.
We-de şol ýazgylary, çenden aşa geçirip, şekillendirmek derejesine ýetirenlerden, ýa-da delalatynda özlerine agram salyp meňzeşdirmeklige ertenleriň ýolundan hem daşdadyrys.
Alla tagalanyň kitabynda ýa-da Pygamberi -sallallahu aleýhi we sellemiň- sünnetinde her bir gelen zat hakdyr! Olar bir-birine gapma-garşy gelýän däldigini, doly ylymly bilýändiris.
We şuňa bagly, Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (أَفَلَا يَتَدَبَّرُونَ ٱلْقُرْءَانَ ۚ وَلَوْ كَانَ مِنْ عِندِ غَيْرِ ٱللَّهِ لَوَجَدُواْ فِيهِ ٱخْتِلَٰفًا كَثِيرًا) النساء 82
(Siz (henizem) Kuran hakda doly pikirlenjek dälmisiňiz? Eger ol (Kuran) Alladan başgasyndan gelen bolsady, elbetde, içinde birnäçe gapma-garşy pikirleri tapardylar) (Nisa:82).
Çünki habar berilen zatlarda gapma-garyşygyň bolmaklygy, olaryň haýsyda bolsa biriniň ýalanlygyny aňladýar. Çünki bu Alla tagalanyň we Onuň resuly -sallallahu aleýhi we sellemiň- habarlarynda bolmaklygy mümkin däldir.
Kim Alla tagalanyň kitabynda ýa-da Onuň resuly -sallallahu aleýhi we sellemiň- sünnetinde ýa-da olaryň ikisiniň arasynda, gapma-garşy gelýän zat bar diýip pikir etse, bu onuň erbet maksatlydygyny we ýüreginiň batyla ýykgynlygynyň bardygyny aňladýar. Bular ýaly ýagdaýda, onuň Alla tagala toba etmekligi we içki pisliginden dynmaklygy gerekdir.
Kim Alla tagalanyň kitabynda ýa-da Onuň resuly -sallallahu aleýhi we sellemiň- sünnetinde ýa-da olaryň ikisiniň arasynda gapma-garşylyk bar diýip pikir etse, onda onuň ýa-ha ylmynyň az bolanlygy ýa-da düşünjesiniň pesligi ýa-da pikir edişliginiň pesligi sebäplidir. Bular ýaly halda, onuň ylym gözlegini etmekligi we onda hak doly beýan bolýança, pikirlenmekde uly güýç sarp etmekligi gerekdir. Egerde şol halatda-da oňa hak beýan bolmasa, onda ol meseläni alyma tabşyryp, erbet pikirini taşlap, edil ylymda öňe gidenleriň aýdyşy ýaly, aýtmaklygy gerekdir:
قال تعالى: (ءَامَنَّا بِهِۦ كُلٌّ مِّنْ عِندِ رَبِّنَا) ال عمران 7
(Biz oňa bolşy ýaly ynandyk. Hemmesi-de Perwerdigärimizden gelendir) , (Äli-Ymran:7).
We ýene-de bilmeli zat, çünki Kuranda we Sünnetde we olaryň arasynda hiç bir düşünişmezlik we gapma-garşy gelýän zat ýokdyr.
***
Alla tagalanyň meleklerine iman etmek
Alla tagalanyň meleklerine iman getirýäris, çünki:
قال تعالى: (عِبَادٌ مُكْرَمُونَ (26) لَا يَسْبِقُونَهُ بِالْقَوْلِ وَهُمْ بِأَمْرِهِ يَعْمَلُونَ) الأنبياء 26-27
(Olar (perişdeler) sarpaly bendelerdir. Olar söz sözlemekde Alladan öňe geçmezler we Allanyň buýrugyny birkemsiz ýerine ýetirerler) (Enbiýa:26,27).
Alla tagala olary özüne ybadat etmekleri we özüne tabyn bolmaklary üçin ýaradandyr:
قال تعالى: (لَا يَسْتَكْبِرُونَ عَنْ عِبَادَتِهِۦ وَلَا يَسْتَحْسِرُونَ (19) سَبِّحُونَ اللَّيْلَ وَالنَّهَارَ لَا يَفْتُرُونَ) الأنبياء 19-20
)Oňa gulluk etmekden ulumsylyk etmezler hem-de gaçmazlar. Olar gowşaklyk görkezmezden gije-gündiz (arman-ýadaman) tesbih ederler( (Enbiýa:19,20).
Alla tagala meleklerini bizden ýaşrandygy üçin, biz olary görmeýäris, ýöne olary käbir gullaryna görkezendir.
Hakykatdan-da Pygamber -sallallahu aleýhi we sellem- Jebraýyl -aleýhissalami- alty ýüz ganatly, gözýetimi tutup duran, hakyky halda görendir.
Jebraýyl -aleýhissalm- Merýem -aleýhissalama- adam sypatynda görünendir. Merýem onuň bilen, ol-da Merýem -aleýhissalam- bilen ýüzbe-ýüz gürleşendir.
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- sahabalary bilen otyrka, Jebraýyl -aleýhissalam- hiç bir saparyň eseri görünmeýän, gap-gara saçly, ap-ak eşikli, tanalmaýan adamyň sypatynda geldide, Pygamberimiziň öňünde oturyp, dyzyny Pygamberimiziň dyzyna degirip, elini Pygamberimiziň aýagynyň üstüne goýdy-da, Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- bilen, ýüzbe-ýüz gürleşendir. Soňra sahabalara onuň Jebraýyl –aleýhissalam- dygyny habar berendir.
Meleklere etmesi buýrulan amallaryň bardygyna iman getirýäris.
Bu meleklerden käbirleri şulardyr:
Jebraýyl –aleýhissalam-: Alla tarapyndan aýdylan wahyýny, pygamberlere we resullara ýetirmeklik üçin bellenendir.
Mykaýyl –aleýhissalam-: Ýagyş ýagdyrmaklyk we ösümlikleri ösdürmeklik üçin bellenendir.
Ysrafyl –aleýhissalam-: Birinji we ikinji kyýamatyň gopmaklygy üçin surnaý çalmaklyk üçin bellenendir.
Jan alyjy melegi: Ölüm wagtynda, janlardan ruhlary çykarmaklyk üçin bellenendir.
Dag melegi: Daglar üçin bellenendir.
Mälik –aleýhissalam-: Jähennemi goramaklyk üçin bellenendir.
Olardan käbirleri: Ene ýatgysyndaky çagalaryň halyna seretmeklik üçin bellenendir.
Olardan käbirleri: Adam zady goramaklyk üçin bellenendir.
Olardan käbirleri: Edilen amallary ýazmaklyk üçin, her adama bellenen iki melekdir:
قال تعالى: (إِذْ يَتَلَقَّى الْمُتَلَقِّيَانِ عَنِ الْيَمِينِ وَعَنِ الشِّمَالِ قَعِيدٌ (17) مَا يَلْفِظُ مِنْ قَوْلٍ إِلَّا لَدَيْهِ رَقِيبٌ عَتِيدٌ) ق 17-18
) (Ynsanyň) sagynda we çepinde iki sany belleýji (perişde) oturyp, onuň (edýän işlerini) belleýändirler (ýazýandyrlar). Onuň (ynsanyň) aýdýan (ähli) sözlerini (hökman) ýazýan (ýörite bellenilen) berk gözegçi (perişde) bardyr( (Kaf:17,18).
Olardan käbirleri: Öli gabyra salynandan soňra, üç sany zatdan, Robby, dini we pygamberi barada soramaga gelýän iki melekdir:
قال تعالى: ( يُثَبِّتُ اللَّهُ الَّذِينَ آمَنُوا بِالْقَوْلِ الثَّابِتِ فِي الْحَيَاةِ الدُّنْيَا وَفِي الْآخِرَةِ ۖ وَيُضِلُّ اللَّهُ الظَّالِمِينَ ۚ وَيَفْعَلُ اللَّهُ مَا يَشَاءُ) إبراهيم 27
)Alla berk (mäkäm) söz bilen iman getiren kişileri, dünýä ýaşaýşynda we ahyretde mäkäm eder. Alla zalymlary azaşdyrar. Alla islän zadyny eder( (Ybraýym:27).
Olardan käbirleri: Jennet eýelerine hyzmat etmekleri üçin bellenendir:
قال تعالى: (يَدْخُلُونَ عَلَيْهِمْ مِنْ كُلِّ بَابٍ (23)سَلَامٌ عَلَيْكُمْ بِمَا صَبَرْتُمْ فَنِعْمَ عُقْبَى الدَّارِ)الرعد 23-24
) Her gapydan olaryň ýanyna perişdeler girerler hem-de: «Sabyr edeniňiz sebäpli, size salam bolsun! Diýaryň (dünýä ýaşaýşynyň ahyretdäki bagtly) soňy ne ajaýyp» (diýerler)( (Ragd:23,24).
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- habar berýär: "Çünki asmanda beýtul-magmur diýilýän ýer bardyr. Ol ýerde her gün ýetmiş müň melek ol ýere girýändir –başga rowaýatda, namaz okaýarlar-, soňra olar, ol ýere täzeden dolanyp gelýän däldirler".
***
Alla tagalanyň inderen kitaplarynaiman etmek
Alla tagala, bütin adamlara hüjjet bolar ýaly we amal edýänleriň dogry ýolda bolmaklary üçin, öz ilçilerine kitap inderendigine, iman getirýäris.
Alla tagala her bir ilçisine kitap inderendigine, iman getirýäris. Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (لَقَدْ أَرْسَلْنَا رُسُلَنَا بِالْبَيِّنَاتِ وَأَنْزَلْنَا مَعَهُمُ الْكِتَابَ وَالْمِيزَانَ لِيَقُومَ النَّاسُ بِالْقِسْطِ) الحديد25
) Takyk, Biz pygamberlerimizi äşgär deliller bilen iberdik we ynsanlaryň adalaty saklamaklary üçin (pygamberler) bilen birlikde kitap we (adalat) terezisini iberdik( (Hadid:25).
Atlaryny bilen kitaplarymyz şulardyr:
Töwrat: Bu kitap, Alla tagala tarapyndan Musa -aleýhissalama- inderilendir, we bu Benu ysraýyl kowmuna inderilen kitaplaryň iň beýigidir:
قال تعالى: (إِنَّا أَنْزَلْنَا التَّوْرَاةَ فِيهَا هُدًى وَنُورٌ ۚ يَحْكُمُ بِهَا النَّبِيُّونَ الَّذِينَ أَسْلَمُوا لِلَّذِينَ هَادُوا وَالرَّبَّانِيُّونَ وَالْأَحْبَارُ بِمَا اسْتُحْفِظُوا مِنْ كِتَابِ اللَّهِ وَكَانُوا عَلَيْهِ شُهَدَاءَ) المائدة 44
) Takyk, Biz içinde dogry ýol (görkezýän aýatlar) we nur bolan Töwraty inderdik. (Alla) boýun bolan pygamberler ýahudylara onuň (Töwrat) bilen höküm edýärdiler. Allanyň kitabyny goramak (wezipesi) berlendigi üçin özleriniň Perwerdigärine (boýun bolan) rabbanylar (takwalar) we alymlar hem (onuň bilen höküm edýärdiler). Olaryň (hemmesi) onuň (Töwratyň hak kitapdygyna) şaýatdylar( (Mäide:44).
Injil: Töwraty tassyklaýjy we tamamlaýjy edip, Alla tagalanyň Isa -aleýhissalama- inderen kitabydyr:
قال تعالى: (وَقَفَّيْنَا عَلَىٰ آثَارِهِمْ بِعِيسَى ابْنِ مَرْيَمَ مُصَدِّقًا لِمَا بَيْنَ يَدَيْهِ مِنَ التَّوْرَاةِ ۖ وَآتَيْنَاهُ الْإِنْجِيلَ فِيهِ هُدًى وَنُورٌ وَمُصَدِّقًا لِمَا بَيْنَ يَدَيْهِ مِنَ التَّوْرَاةِ وَهُدًى وَمَوْعِظَةً لِلْمُتَّقِينَ) المائدة 46
)Biz oňa (Isa) özünden öňki, Töwraty tassyklaýjy, takwalara dogry ýol we öwüt-nesihat edip, içinde dogry ýol we nur bolan Injili berdik( (Mäide:46).
قال تعالى: (وَلِأُحِلَّ لَكُمْ بَعْضَ الَّذِي حُرِّمَ عَلَيْكُمْ) ال عمران 50
)we men size (Musanyň dininde) haram edilen käbir zatlary halal etmek üçin geldim( (Äli-Ymran:50).
Zebur: Alla tagalanyň Dawud -aleýhissalama- iberen kitabydyr.
Suhuf (Sahypalar): Ibrahim we Musa –aleýhissalama- inen sahypalardyr.
Kuran-u Kerim: Alla tagala tarapyndan, pygamberleriň soňy bolan Muhammet –sallallahu eleýhi we selleme- inderilen kitapdyr.
قال تعالى: (هُدًى لِلنَّاسِ وَبَيِّنَاتٍ مِنَ الْهُدَىٰ وَالْفُرْقَانِ) البقرة 185
) (Kuran) dogry ýoly (hidaýaty) görkezýän we dogry (hak) bilen egri ýoly (batyly) biri-birinden tapawutlandyrýandyr((Bakara:185).
We ýene-de ol:
قال تعالى: (مُصَدِّقًا لِمَا بَيْنَ يَدَيْهِ مِنَ الْكِتَابِ وَمُهَيْمِنًا عَلَيْهِ) المائدة 48
) (Kuran) özünden öňki kitaplary tassyklaýjy we olaryň üstünden höküm edip, gurşap alandyr( (Mäide:48).
Alla tagala Kurandan öňki inen kitaplaryň hökümini, Kuranyň üsti bilen öwrendir. Megerem, ony oýun edijileriň güýmenjesinden we ütgedijileriň şerinden gorandyr.
Alla tagala bu barada şeýle diýýär:
قال تعالى: (إِنَّا نَحْنُ نَزَّلْنَا الذِّكْرَ وَإِنَّا لَهُ لَحَافِظُونَ) الحجر 9
)Takyk, Zikiri (Kurany) Biz inderdik we onuň goragçylary-da, elbetde, Bizdiris!( (Hyjr:9).
Çünki ol (Kuran) bütin ýaradylanlara hüjjet bolup, kyýamata çenli galjakdyr.
Emma Kurandan öňki inen kitaplar belli bir wagta çenli bolup, ondan soňky gelýän kitap. onuň hökümini üýtgedip we onda üýtgeşmeleriň bolanlygyny beýan edijidir. Olaryň goragda bolmadyklygy sebäpli, olarda ütgetmeklik, artdyrmaklyk we kemeltmeklik ýaly zatlar bolup geçdi.
Bu barada Alla tagala şu aşakdaky aýatlarda şeýle diýýär:
قال تعالى: (مِنَ الَّذِينَ هَادُوا يُحَرِّفُونَ الْكَلِمَ عَنْ) النساء 46
)Käbir ýahudylar (käbir) sözleriň (manysyny) ýerinden ütgedýärler( (Nisa:46).
قال تعالى: (فَوَيْلٌ لِلَّذِينَ يَكْتُبُونَ الْكِتَابَ بِأَيْدِيهِمْ ثُمَّ يَقُولُونَ هَٰذَا مِنْ عِنْدِ اللَّهِ لِيَشْتَرُوا بِهِ ثَمَنًا قَلِيلًا ۖ فَوَيْلٌ لَهُمْ مِمَّا كَتَبَتْ أَيْدِيهِمْ وَوَيْلٌ لَهُمْ مِمَّا يَكْسِبُونَ) البقرة 79
)Öz elleri bilen kitap ýazyp, soň hem ony az-owlak pula satmak üçin: «Bu Alladan gelen (zat)» diýýänlere haýp bolsun! Öz elleri bilen ýazandyklary sebäpli, olara haýp bolsun! Olara gazanan zatlary üçin hem haýp bolsun!( (Bakara:79).
قال تعالى: (قل مَنْ أَنْزَلَ الْكِتَابَ الَّذِي جَاءَ بِهِ مُوسَىٰ نُورًا وَهُدًى لِلنَّاسِ تَجْعَلُونَهُ قَرَاطِيسَ تُبْدُونَهَا وَتُخْفُونَ كَثِيرًا) الانعام 91
)Sen (olara) aýt: «Onda Musanyň ynsanlara nur we dogry ýol hökmünde getiren kitabyny (Töwraty) kim inderdi?! Siz ony (bölek) kagyzlar (görnüşinde) saklap‚ (bähbidiňize ýaraýan käbir aýatlary) görkezip, (Muhammet hakdaky) köp aýatlary bolsa ýaşyrýarsyňyz( (Engam:91).
قال تعالى: (وَإِنَّ مِنْهُمْ لَفَرِيقًا يَلْوُونَ أَلْسِنَتَهُمْ بِالْكِتَابِ لِتَحْسَبُوهُ مِنَ الْكِتَابِ وَمَا هُوَ مِنَ الْكِتَابِ وَيَقُولُونَ هُوَ مِنْ عِنْدِ اللَّهِ وَمَا هُوَ مِنْ عِنْدِ اللَّهِ وَيَقُولُونَ عَلَى اللَّهِ الْكَذِبَ وَهُمْ يَعْلَمُونَ (78) مَا كَانَ لِبَشَرٍ أَنْ يُؤْتِيَهُ اللَّهُ الْكِتَابَ وَالْحُكْمَ وَالنُّبُوَّةَ ثُمَّ يَقُولَ لِلنَّاسِ كُونُوا عِبَادًا لِي مِنْ دُونِ اللَّهِ) ال عمران 78-79
)Takyk, olardan (ähli-kitapdan) kitapda (ýazylan) bolmasa hem, siziň kitapda (ýazylandyr) öýtmegiňiz üçin kitaby (okaýan mahallary) dillerini aýnadyp (käbir sözleri üýtgedip okaýan) bir topar bardyr. Olaryň (okaýan zatlary) Alla tarapyndan bolmasa hem: «Bu Alla tarapyndandyr» diýýärler. Olar bilip dursalar hem, Alla hakda (toslap) ýalan sözleýärler. Alla tarapyndan özüne kitap, hikmet we pygamberlik berlen hiç bir adamyň ynsanlara (ýüzlenip): «Alladan başga maňa hem gul boluň!» diýmegi mümkin däldir( (Äli-Ymran:78,79).
قال تعالى: (يَا أَهْلَ الْكِتَابِ قَدْ جَاءَكُمْ رَسُولُنَا يُبَيِّنُ لَكُمْ كَثِيرًا مِمَّا كُنْتُمْ تُخْفُونَ مِنَ الْكِتَابِ) المائدة 15
)Eý, ähli-kitap! Siziň kitapda (Töwratda we Injilde) gizlän zatlaryňyzyň köpüsini size beýan edýän ilçimiz (Muhammet) geldi( (Mäide:15).
قال تعالى: (لَقَدْ كَفَرَ الَّذِينَ قَالُوا إِنَّ اللَّهَ هُوَ الْمَسِيحُ ابْنُ مَرْيَمَ) المائدة 17
)Kasam bolsun! «Takyk, Alla Merýem ogly (Isa) Mesihiň (hut) özüdir» diýenler kapyrdyrlar( (Mäide:17).
Alla tagalanyň resullaryna iman etmek
Alla tagala ýaradan mahluklaryna ilçiler (resullar) ugradandygyna iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (رُسُلًا مُبَشِّرِينَ وَمُنْذِرِينَ لِئَلَّا يَكُونَ لِلنَّاسِ عَلَى اللَّهِ حُجَّةٌ بَعْدَ الرُّسُلِ ۚ وَكَانَ اللَّهُ عَزِيزًا حَكِيمًا) النساء 165
)Ilçiler (gelip, dogry ýol äşgär edilenden) soň, ynsanlarda Alla garşy (öňe sürüp biljek hiç bir) bahanalary bolmazlygy üçin, (Biz ol) ilçileri (rahmetimizi) buşlaýjylar we (gazabymyzy) duýduryjylar edip (iberdik). Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir( (Nisa:165).
Resullaryň birinjisi Nuh -aleýhissalam- digine we iň soňkysynyň Muhammet -sallallahu aleýhi we sellem- digine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (إِنَّا أَوْحَيْنَا إِلَيْكَ كَمَا أَوْحَيْنَا إِلَىٰ نُوحٍ وَالنَّبِيِّينَ مِنْ بَعْدِهِ ) النساء 163
)Takyk, Biz, Nuha we ondan soňky pygamberlere wahyý edişimiz ýaly, saňa-da wahyý etdik( (Nisa:163).
قال تعالى: (مَا كَانَ مُحَمَّدٌ أَبَا أَحَدٍ مِنْ رِجَالِكُمْ وَلَٰكِنْ رَسُولَ اللَّهِ وَخَاتَمَ النَّبِيِّينَ) الأحزاب 40
)Muhammet siziň araňyzdaky erkekleriň hiç haýsynyň atasy däldir. Ol Allanyň ilçisidir we iň soňky pygamberdir. Alla ähli zady bilýändir( (Ahzab:40).
Olaryň iň fazylatlysy (mertebelisi) Muhammet, soňra Ibrahim, soňra Musa, soňra Nuh, soňra Isa ibni Merýemdir. Çünki bulary Alla tagala Kuranda hususy bir aýratynlykda agzap geçendir.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (وَإِذْ أَخَذْنَا مِنَ النَّبِيِّينَ مِيثَاقَهُمْ وَمِنْكَ وَمِنْ نُوحٍ وَإِبْرَاهِيمَ وَمُوسَىٰ وَعِيسَى ابْنِ مَرْيَمَ ۖ وَأَخَذْنَا مِنْهُمْ مِيثَاقًا غَلِيظًا) الأحزاب 7
)Pygamberlerden we senden, Nuhdan, Ybraýymdan, Musadan we Merýem ogly Isadan ähti-peýman aldyk. Hawa, Biz olardan örän berk söz aldyk( (Ahzab:7).
Aşakdaky aýatda agzaljak resullaryň şerigatyndaky fazylatlary, Muhammet -sallallahu aleýhi we sellemiň- şerigaty, öz içine alýandygyna iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (شَرَعَ لَكُمْ مِنَ الدِّينِ مَا وَصَّىٰ بِهِ نُوحًا وَالَّذِي أَوْحَيْنَا إِلَيْكَ وَمَا وَصَّيْنَا بِهِ إِبْرَاهِيمَ وَمُوسَىٰ وَعِيسَىٰ ۖ أَنْ أَقِيمُوا الدِّينَ وَلَا تَتَفَرَّقُوا فِيهِ)الشورى 13
)Biziň: «Dini dogry saklaň we topar-topar bolup bölünişmäň!» diýip, Nuha ündew eden zadymyzy, saňa wahyý eden zatlarymyzy, Ybraýyma, Musa we Isa ündänlerimizi Alla size din (hökmünde) berdi( (Şura:13).
Alla tarapyndan gelen ähli ilçileriň, ýaradylan ynsanlaryň hataryndadygyna, we olaryň rububiýet (Allaga laýyk işliklerden) hiç bir dahyllarynyň ýoklugyna iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala ilçileriň birinjisi bolan Nuh -aleýhissalamyň- dilinden şeýle diýýär:
قال تعالى: (وَلَا أَقُولُ لَكُمْ عِنْدِي خَزَائِنُ اللَّهِ وَلَا أَعْلَمُ الْغَيْبَ وَلَا أَقُولُ إِنِّي مَلَكٌ) هود 31
(Men size: «Ýanymda Allanyň hazynalary bar» diýmeýärin. Gaýyby-da bilmeýärin. «Men perişdedirin» hem diýmeýärin) (Hud:31).
Alla tagala ilçileriň soňy bolan Muhammet -sallallahu aleýhi we selleme- şeýle diýmekligi buýrandyr:
قال تعالى: (قُلْ لَا أَقُولُ لَكُمْ عِنْدِي خَزَائِنُ اللَّهِ وَلَا أَعْلَمُ الْغَيْبَ وَلَا أَقُولُ لَكُمْ إِنِّي مَلَكٌ) الانعام 50
(Sen (olara): «Men size: «Allanyň hazynalary meniň ýanymda» diýmeýärin, men gaýyby hem bilmeýärin. Men size: «Men bir perişdedirin» hem diýmeýärin» diý) (Engam:50).
Ýene Oňa şeýle diýmekligi buýrandyr:
قال تعالى: (قُلْ لَا أَمْلِكُ لِنَفْسِي نَفْعًا وَلَا ضَرًّا إِلَّا مَا شَاءَ اللَّهُ ۚ)الاعراف188
(Alla islemese, meniň hatda özüm üçin-de hiç zada güýjüm ýetmez. Ne bir peýda getirip bilerin‚ ne-de gelip biljek zyýany daşlaşdyryp bilerin) (Agraf:188).
Ýene Oňa şeýle diýmekligi buýrandyr:
قال تعالى: (قُلْ إِنِّي لَا أَمْلِكُ لَكُمْ ضَرًّا وَلَا رَشَدًا (21) قُلْ إِنِّي لَنْ يُجِيرَنِي مِنَ اللَّهِ أَحَدٌ وَلَنْ أَجِدَ مِنْ دُونِهِ مُلْتَحَدًا) الجن 21-22
(Meniň size ne zyýan bermäge, ne-de (bir uly peýda berjek) dogry ýola salmaga güýjüm ýeter". Aýt: «Takyk, (eger maňa azap bermek islese) meni Allanyň (jezasyndan) hiç kim halas edip bilmez! Men Ondan başga sygnara ýer tapmaryn!) (Jyn:21,22).
We olaryň hemmesi Allanyň gullarydygyna, olara Alla tagala öz keramaty bilen ilçilik wezipesini berendigine we Allasyna wepaly gulluk etmekleri netijesinde, olara beýik derejeli wasplary berendigine iman getirýäris.
Alla tagala olaryň birinjisi bolan, Nuh -aleýhissalamy- öwüp şeýle diýen:
قال تعالى: (ذُرِّيَّةَ مَنْ حَمَلْنَا مَعَ نُوحٍ ۚ إِنَّهُ كَانَ عَبْدًا شَكُورًا) الاسراء 3
(Eý), Nuh bilen bile (gämide) ýüzen kişilerimiziň zürýatlary! Takyk, ol (Nuh) köp şükür edýän bendedi)(Isra:3).
We olaryň soňy bolan Muhammet -sallallahu aleýhi we sellemiň- hakynda şeýle diýen:
قال تعالى: (بِسْمِ اللَّهِ الرَّحْمَٰنِ الرَّحِيمِ تَبَارَكَ الَّذِي نَزَّلَ الْفُرْقَانَ عَلَىٰ عَبْدِهِ لِيَكُونَ لِلْعَالَمِينَ نَذِيرًا) الفرقان 1
)Älemlere duýduryjy bolsun diýip Furkany (Kurany) öz bendesine inderen (Alla) örän beýikdir( (Furkan:1).
Beýleki ilçileriniň hakynda bolsa şeýle diýen:
قال تعالى: (وَاذْكُرْ عِبَادَنَا إِبْرَاهِيمَ وَإِسْحَاقَ وَيَعْقُوبَ أُولِي الْأَيْدِي وَالْأَبْصَارِ) ص 45
) (Eý, Muhammet!) Gujur-gaýratly we akyl-paýhasly bendelerimiz bolan Ybraýymy, Yshagy we Ýakuby ýadyňa sal!( (Sad:45).
قال تعالى: (وَاذْكُرْ عَبْدَنَا دَاوُودَ ذَا الْأَيْدِ إِنَّهُ أَوَّابٌ) ص 17
(gujur-gaýratly bendämiz Dawudy ýadyňa sal! Takyk, ol elmydama Perwerdigärine ýüzlenerdi) (Sad:17).
قال تعالى: (وَوَهَبْنَا لِدَاوُودَ سُلَيْمَانَ ۚ نِعْمَ الْعَبْدُ إِنَّهُ أَوَّابٌ) ص 30
)Biz Dawuda Süleýmany berdik. Süleýman nähili ýagşy bendedi. Ol hemişe (Perwerdigärine) ýüzlenerdi( (Sad:30).
Alla tagala Isa ibni Merýem hakynda şeýle diýen:
قال تعالى: (إِنْ هُوَ إِلَّا عَبْدٌ أَنْعَمْنَا عَلَيْهِ وَجَعَلْنَاهُ مَثَلًا لِبَنِي إِسْرَائِيلَ) الزخرف 59
)Ol diňe özüne nygmat berlen we ysraýyl ogullary üçin görelde edilip ugradylan bendedir( (Zuhruf:59).
Alla tagala ilçilik wezipesini Muhammet -sallallahu eleýhi we sellemiň- ilçiligi bilen tamamlap, Ony bütin ynsanlara ilçi edip, iberendigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (قُلْ يَا أَيُّهَا النَّاسُ إِنِّي رَسُولُ اللَّهِ إِلَيْكُمْ جَمِيعًا الَّذِي لَهُ مُلْكُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ ۖ لَا إِلَٰهَ إِلَّا هُوَ يُحْيِي وَيُمِيتُ ۖ فَآمِنُوا بِاللَّهِ وَرَسُولِهِ النَّبِيِّ الْأُمِّيِّ الَّذِي يُؤْمِنُ بِاللَّهِ وَكَلِمَاتِهِ وَاتَّبِعُوهُ لَعَلَّكُمْ تَهْتَدُونَ) الأعراف 158
(Sen aýt: «Eý‚ ynsanlar! Men siziň hemmäňize Alla tarapyndan iberilen pygamberdirin. Asmanlar we ýer Onuň mülküdir. Ondan başga (ybadata laýyk) iläh ýokdur. Ýaşaýşy beren-de‚ ölümi ýaradan-da Oldur. Sizem Alla we Onuň bütin sözlerine iman getiren ol ümmi pygambere‚ ol ilçä boýun boluň! Oňa ýürekden tabyn bolsaňyz‚ dogry ýoly taparsyňyz) (Agraf:158).
Alla tagala gullary üçin Muhammet -sallallahu aleýhi we sellemiň- şerigaty bolan, yslam dinini olara din edip saýlap, ondan başga hiç bir dini kabul etmejekdigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (إِنَّ الدِّينَ عِنْدَ اللَّهِ) ال عمران 19
(Takyk, Allanyň ýanynda (hak) din yslamdyr) (Äli-Ymran:19).
قال تعالى: (الْيَوْمَ أَكْمَلْتُ لَكُمْ دِينَكُمْ وَأَتْمَمْتُ عَلَيْكُمْ نِعْمَتِي وَرَضِيتُ لَكُمُ الْإِسْلَامَ دِينًا) المائدة 3
(Men bu gün üçin siziň diniňizi (parzlary, halaly we haramy beýan edip) kämil etdim we size (dini kämil etmek bilen) Öz nygmatymy doly berdim hem-de siziň yslam (dininde) bolmagyňyza razy boldum) (Mäide:3)
قال تعالى: (وَمَنْ يَبْتَغِ غَيْرَ الْإِسْلَامِ دِينًا فَلَنْ يُقْبَلَ مِنْهُ وَهُوَ فِي الْآخِرَةِ مِنَ الْخَاسِرِينَ) ال عمران 85
(Kim yslamdan başga din gözlese, (bilip goýsun), ondan (başga din) hiç haçan kabul edilmez we ol ahyretde hem zyýana galanlardan bolar) (Äli-Ymran:85).
Egerde kim, şu günimizde yslam dininden başga, ýehudyçylyk, hristiançylyk ýa-da ol ikisinden başga haýsam bolsa bir din, Allanyň ýanynda kabul diýip pikir etse, onda ol kapyrdyr. Şonda oňa toba etdirilýär, eger-de toba etmese, onda ol mürtedlik hökümi bilen öldürilýär diýip, hasap edýäris. Sebäbi ol Kurany ýalançy saýanlardandyr.
Kimde-kim Muhammet -sallallahu aleýhi we sellemiň- ähli ynsanlara ilçi edilip iberilendigini inkär etse, çünki ol hemme ilçileri, hatda özüniň tabyn bolup, iman edip ýören ilçisini hem inkär edendigini hasap edýäris.
Alla tagala Nuh -aleýhissalamyň- kowmy barada şeýle diýýär:
قال تعالى: (كَذَّبَتْ قَوْمُ نُوحٍ الْمُرْسَلِينَ) الشعراء 105
(Nuhuň kowmy hem pygamberleri ýalan hasapladylar) (Şugara:105).
Alla tagala Nuh -aleýhissalamdan- öň hiç bir ilçiniň geçmedikligini bilip duran halynda, Nuh -aleýhissalamyň- kowmy bütin ilçileri ýalanlandyklaryny aýdýar.
Başga bir aýatda hem şeýle diýýär:
قال تعالى: (إِنَّ الَّذِينَ يَكْفُرُونَ بِاللَّهِ وَرُسُلِهِ وَيُرِيدُونَ أَنْ يُفَرِّقُوا بَيْنَ اللَّهِ وَرُسُلِهِ وَيَقُولُونَ نُؤْمِنُ بِبَعْضٍ وَنَكْفُرُ بِبَعْضٍ وَيُرِيدُونَ أَنْ يَتَّخِذُوا بَيْنَ ذَٰلِكَ سَبِيلًا (150) أُولَٰئِكَ هُمُ الْكَافِرُونَ حَقًّا ۚ وَأَعْتَدْنَا لِلْكَافِرِينَ عَذَابًا مُهِينًا) النساء 150-151
(Allany we Onuň ilçilerini inkär edenler (ynanç babatda) Alla bilen pygamberleriniň arasyny aýyrmak isläp: «Biz käbirine iman getirýäris, käbirini inkär edýäris» diýenlerdir we bular (iman bilen küpüriň) arasynda bir ýol tutmak isleýänlerdir. Ine, olar hakyky kapyrlaryň hut özleridir. Biz kapyrlara ryswa ediji azap taýýarlap goýandyrys!) (Nisa:150,151).
Muhammet -sallallahu aleýhi we sellemden- soň, başga pygamberiň ýa-da resulyň gelmejekdigine iman getirýäris. Kim-de kim Muhammet -sallallahu aleýhi we sellemden- soň, özüne pygamber diýse ýa-da oňa ynansa, onda ol kapyrdyr. Sebäbi ol Allaha, onuň resulyna we musulmanlaryň bir agyzdan ynanan zadyny, ýalana salandygyny hasaba alynýar.
Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemiň- yzyndan dört sany çaryýarlarynyň bolandygyna we olar pygamberimiziň ylym, dagwat we ýöredijilik ugrumyny, doly we kämil ýerine ýetirendiklerine we Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemiň- ýerine mü'minlere halyfalyk (baştutanlyk) edendiklerine iman getirýäris. Olaryň iň fazylatlysy we halyfalyga iň laýyk bolanlaryň birinjisi: Ebubekir, soňra Omar, soňra Osman, soňra bolsa Aly-dygyna iman getirýäris -Alla olaryň ählisinden razy bolsun-.
Olaryň fazylatda bir-birinden tapawutly boluşlary ýaly, edil halyfalykda-da bir-birinden tapawutlydylar. Alla tagala –hikmediň eýesi bolan- haýyrly asyrda, haýyrly adamyny ýolbaşçy edip belleýär we şol bir wagtda olaryň içinde halyfalyga, ondan hem haýyrlysynyň bolandygyny belleýäris.
Käbir halatda fazylaty pes bolan sahaba[1], käbir amallar bilen fazylaty uly bolan sahabadanda, ýokarda bolup biljekdigine ynanýarys, ýöne ol doly we kämil ýagdaýda ýokary mertebä ýetendir diýip, bilmeýäris. Sebäbi fazylata eltýän amallar köp we dürli-dürlidir.
Bu ymmat, ymmatlaryň iň haýyrlysy bolup, beýik Allanyň ony keramatly edendigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (كُنْتُمْ خَيْرَ أُمَّةٍ أُخْرِجَتْ لِلنَّاسِ تَأْمُرُونَ بِالْمَعْرُوفِ وَتَنْهَوْنَ عَنِ الْمُنْكَرِ وَتُؤْمِنُونَ بِاللَّهِ )ال عمران 110
( (Eý, musulmanlar!) Siz ynsanlaryň (ýagşylygy) üçin (öňe) çykarylan iň haýyrly ymmatsyňyz. Siz ýagşylygy buýruk (wagyz) edip, ýamanlygyň öňüni alyp, Alla ynanýarsyňyz) (Äli-Ymran:110).
Bu ymmatyň iň haýyrly adamlary sahabalardyr, soňra olaryň yzyndan gelen täbigynlardyr[2], soňra olaryň yzyndan gelen täbigy-täbigynlardygyna[3] iman getirýäris.
Ýöne, bu ymmatda bir taýpanyň kyýamata çenli, hak ýolda boljakdygyna we kyýamata çenli duşmanlaryny ýeňip geljekdigine, olara duşmançylyk edenleriň ýa-da olary duşmana tabşyranlaryň, olara hiç-hili zeper ýetirip bilmejekdiklerine iman getirýäris.
Sahabalaryň arasyndaky käbir bolup geçen düşünişmezlikler, ol bir ijtihäd[4] edilen meselelerdendir. Çünki olaryň haýsam bolsa, biriniň ijtihädi dogry bolan bolsa, onda ol iki ejir (sogap) aljakdyr. Eger-de onuň ijtihädi ýalňyş bolan bolsa, onda ol bir ejir aljakdyr we olaryň eden ýalňyşlary Alla tarapyndan bagyşlanandyr diýip iman getirýäris.
Sahabalaryň ýalňyşlaryny ýa-da kemçiliklerini uly ile jar etmekden daşdyrys. Megerem, biz olary gowy senalar bilen wasplarys, we-de biz ýüreklerimizi, olara bolan ýamanlykdan we görüplikden saklamalydyrys.
Alla tagala olar hakynda şeýle diýýär:
قال تعالى: (لَا يَسْتَوِي مِنْكُمْ مَنْ أَنْفَقَ مِنْ قَبْلِ الْفَتْحِ وَقَاتَلَ ۚ أُولَٰئِكَ أَعْظَمُ دَرَجَةً مِنَ الَّذِينَ أَنْفَقُوا مِنْ بَعْدُ وَقَاتَلُوا ۚ وَكُلًّا وَعَدَ اللَّهُ الْحُسْنَىٰ) الحديد 10
(Sizden ýeňişden (Mekge eýelenmezden) öň (Allanyň ýolunda) haýyr-sahawat eden hem-de söweşenler bilen (bulary ýerine ýetirmeýänler) deň bolmaz. (Ine), olar mundan (ýeňişden) soň (Allanyň ýolunda haýyr-sahawat) edip, söweşenlerden dereje taýdan has ýokarydyr. Alla hemmesine iň ajaýybyny (jenneti) wada berendir) (Hadid:10).
Alla tagala biziň hakymyzda şeýle diýýär:
قال تعالى: (وَالَّذِينَ جَاءُوا مِنْ بَعْدِهِمْ يَقُولُونَ رَبَّنَا اغْفِرْ لَنَا وَلِإِخْوَانِنَا الَّذِينَ سَبَقُونَا بِالْإِيمَانِ وَلَا تَجْعَلْ فِي قُلُوبِنَا غِلًّا لِلَّذِينَ آمَنُوا رَبَّنَا إِنَّكَ رَءُوفٌ رَحِيمٌ) الحشر 10
(Olardan soň (kyýamata çenli dünýä) gelen (ähli möminler): «Eý, Perwerdigärimiz! Biziň we bizden öňki iman bilen öten doganlarymyzyň günälerini bagyşla! Biziň içimizde iman getirenlere garşy hiç hili öýke-kine goýma! Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, Sen Mähirlisiň, Rehim-şepagatlysyň» diýenlere (hem söweşsiz alnan oljalardan berler)) (Haşyr:10).
***
Ahyret gününe iman etmek
Ynsanlar Alla tagalanyň huzurynda hasaba alynmaklary üçin direldilip, jennete ýa-da dowzaha girjekdirler. Ol günden soňra, başga bir gün bolmajakdygyna we kyýamat güni diýip bilinen ahyret gününe iman getirýäris.
Ysrafyl –aleýhissalamyň- ikinji gezek surnaýa üflemeginiň esasynda, Alla tagala hasabat almak üçin, ähli ölüleri direltjekdigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (وَنُفِخَ فِي الصُّورِ فَصَعِقَ مَنْ فِي السَّمَاوَاتِ وَمَنْ فِي الْأَرْضِ إِلَّا مَنْ شَاءَ اللَّهُ ۖ ثُمَّ نُفِخَ فِيهِ أُخْرَىٰ فَإِذَا هُمْ قِيَامٌ يَنْظُرُونَ) الزمر 68
) (Kyýamat güni) sura üflenilen wagty Allanyň (diri galmagyny) islän kişisinden başga, asmanlarda we ýerde kim bar bolsa, güýçli urga sezewar bolup, jan berer. Soň sura ýene-de bir gezek üflenen wagty olar ör-boýuna galyp (dumly-duşa) seredişip durarlar( (Zümer:68).
Ynsanler gabyrlaryndan eşiksiz, aýaklary ýalaňaç, sünnetlenmedik, edil eneden täze doglan ýaly, älemleriň Robbynyň öňünde hasabata alynjakdyrlar.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (كَمَا بَدَأْنَا أَوَّلَ خَلْقٍ نُعِيدُهُ ۚ وَعْدًا عَلَيْنَا ۚ إِنَّا كُنَّا فَاعِلِينَ) الأنبياء 104
“.... ilkinji ýaradanymyzdaky ýaly, öňki ýagdaýyna (täze dogan çaga ýaly edip) getireris. Bu (Biziň) Öz üstümize alan wadamyzdyr. Takyk, biz ony ýerine ýetireris" (Enbiýa:104).
Amal depderçesi, ynsanlaryň sag tarapyndan ýa-da arka tarapyndan beriljekdigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (فَأَمَّا مَنْ أُوتِيَ كِتَابَهُ بِيَمِينِهِ (7) فَسَوْفَ يُحَاسَبُ حِسَابًا يَسِيرًا(8) وَيَنْقَلِبُ إِلَىٰ أَهْلِهِ مَسْرُورًا(9) وَأَمَّا مَنْ أُوتِيَ كِتَابَهُ وَرَاءَ ظَهْرِهِ(10) فَسَوْفَ يَدْعُو ثُبُورًا(11) وَيَصْلَىٰ سَعِيرًا)الانشقاق7-12
)Kyýamat güni (hasap depderi) sag eline berlen kişiniň hasaby aňsat bolar. Maşgalasyna şadyýanlyk içinde gaýdyp geler. Kitaby (hasap depderi) yzyndan (çep eline) berlen kişi bolsa, ýok bolmagy arzuw eder. Ol (dowzahda) alawly oda girer( (Inşikak:7-12).
Başga bir aýatda bolsa şeýle diýýär:
قال تعالى: (وَكُلَّ إِنْسَانٍ أَلْزَمْنَاهُ طَائِرَهُ فِي عُنُقِهِ ۖوَنُخْرِجُ لَهُ يَوْمَ الْقِيَامَةِ كِتَابًا يَلْقَاهُ مَنْشُورًا(13) اقْرَأْ كِتَابَكَ كَفَىٰ بِنَفْسِكَ الْيَوْمَ عَلَيْكَ حَسِيبًا) الاسراء 13-14
)Biz her ynsanyň guşuny (amalyny) öz boýnuna bagladyk. Kyýamat güni onuň üçin (eden işleri öňünde) açylyp goýuljak bir kitap çykararys. (Oňa): «Kitabyňy oka! Bu gün hasaba çekiji hökmünde özüň özüň üçin ýeterlikdir!» (diýler)( (Isra:13,14).
Amallaryň kyýamat gününde, terezilerde çekiljekdigine we hiç kime zulum edilmejekdigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (فَمَنْ يَعْمَلْ مِثْقَالَ ذَرَّةٍ خَيْرًا يَرَهُ(7) وَمَنْ يَعْمَلْ مِثْقَالَ ذَرَّةٍ شَرًّا يَرَهُ) الزلزلة 7-8
)Kim zerre mukdarynda haýyr eden bolsa, onuň (peýdasyny) görer. Kim hem zerre mukdarynda şer (günä) iş eden bolsa, onuň (zyýanyny) görer( (Zilzäl:7,8).
Başga bir aýatda bolsa şeýle diýýär:
قال تعالى: (فَمَنْ ثَقُلَتْ مَوَازِينُهُ فَأُولَٰئِكَ هُمُ الْمُفْلِحُونَ (102) وَمَنْ خَفَّتْ مَوَازِينُهُ فَأُولَٰئِكَ الَّذِينَ خَسِرُوا أَنْفُسَهُمْ فِي جَهَنَّمَ خَالِدُونَ(103) تَلْفَحُ وُجُوهَهُمُ النَّارُ وَهُمْ فِيهَا كَالِحُونَ) المومنون 102-104
)Her kimiň (amal) terezisi (sogaby) agyr gelse, şol halas bolar. Terezileri (sogaplary) ýeňil gelenler bolsa öz janlaryny ýitgä sezewar edenlerdir. Olar dowzahda ebedi galarlar. Ot olaryň ýüzlerini gowrar we olar şol ýerde (dodak etleri-de ýananlygy sebäpli) syrtaryp galarlar( (Mu'minun:102-104).
Ýene bir başga aýatda şeýle diýýär:
قال تعالى: (مَنْ جَاءَ بِالْحَسَنَةِ فَلَهُ عَشْرُ أَمْثَالِهَا ۖ وَمَنْ جَاءَ بِالسَّيِّئَةِ فَلَا يُجْزَىٰ إِلَّا مِثْلَهَا وَهُمْ لَا يُظْلَمُونَ) الانعام 160
(Kim (Allanyň ýanyna) haýyr iş bilen gelse‚ oňa (eden işiniň) on essesi bardyr. Kim erbetlik bilen gelse‚ diňe eden erbetligine barabar jeza görer. Olara (hiç hili) nähaklyk edilmez) (Angam:160).
Allanyň Resuly –sallallahu aleýhi we sellemiň- özüne hususy bolan, beýik şepagatyna iman getirýäris. Ynsanlar kyýamat gününde çydap bolmajak derejede, uly bir gysylşykda we ezýet çekýän hallarynda, olar özlerine şepagat edilmegi üçin, pygamberleriň başy bolan Adama, soňra Nuha, soňra Ybraýyma, soňra Musa, soňra Isa, we iň soňynda Muhammede gelýärler. - Olaryň hemmesine Allanyň salam we salawaty bolsun-
Pygamberimiz Muhammet –sallallahu aleýhi we sellem- bilen beýleki pygamberler we melekler, dowzaha giren mu'minlere –Allanyň rugsady bilen- şepagat edip, olary dowzahdan çykarjakdyklaryna iman getirýäris.
We ýene-de Alla tagala mu'minleriň bir toparyny, şepagatsyz, fazly we rehmeti bilen dowzahdan çykarjakdygyna iman getirýäris.
Allanyň Resuly –sallallahu aleýhi we sellemiň- howuzynyň bardygyna we reňkiniň aklygy, süýtden-de beter akdygyna, tagamynyň süýjüligi, baldan-da beter süýjüdigine, ysynyň gözelligi, misikden-de gözeldigine, ininiň we boýunyň uzynlygy bir aýlyk ýoldygyna, içilýän gaplary asmandaky ýyldyzlaryň owadanlygy ýalydygyna we köpdigine, ondan ymmatynyň diňe mynasyp mu'minleri içjekdigine we ondan bir sapar içeniň hiç-haçan suwsamajakdygyna iman getirýäris.
Kyýamat güni jähennemiň üstünde guruljak syrat köprüsine iman getirýäris. Ynsanlar syrat köprüsiniň üstünden amallaryna görä geçjekdirler. Birinji bilen geçjek topar edil ýyldyrym ýaly, ikinji topar bolsa edil şemal ýaly, üçinji topar edil guşlar ýaly, soňky toparlar bolsa sagdyn adamlar ýaly syratdan geçjekdirler.
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- syrat köprüsiniň üstünde durup, şeýle diýjekdir: “Eý, Robbym! Salamat et, salamat et".
Agzalan toparlar geçip bolandan soň, süýrenip başga bir topar geljekdir. Syrat köprüsiniň her iki tarapynda çeňňekler gurulandyr. Çünki çeňňekler tutmaklygy buýruk edilenleri tutup, jähenneme oklajakdyrlar we ondan halas bolanlar, utuş gazanjakdyrlar.
Kuran we sünnetde kyýamat güni barada we onda boljak aýylgançlyklar barada gelen hemme habarlara iman getirýäris. Alla tagala ol günüň aýylgançlygyndan bizi salamat saklamagyny soraýarys. (Ämin)
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- jennet eýelerine, jennete girmekleri üçin, şepagat etjekdigine we bu şepagata diňe Oňa rugsat beriljekdigine iman getirýäris.
Jennetiň we jähennemiň bardygyna iman getirýäris. Jennet, Alladan gorkan mu'minler üçin taýýarlanan ýerdir. Ol ýerde, hiç bir gözüň görmedik, hiç bir gulagyň eşitmedik we hiç bir kişiň aklyna gelmedik, nygmatlar bardyr.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (فَلَا تَعْلَمُ نَفْسٌ مَا أُخْفِيَ لَهُمْ مِنْ قُرَّةِ أَعْيُنٍ جَزَاءً بِمَا كَانُوا يَعْمَلُونَ) السجدة 17
(Hiç kim olaryň eden ýagşy işlerini sylaglamak üçin (jennetde) gözleri nurlandyrjak niçeme nygmatlaryň gizlenendigini bilýän däldir) (Sežde:17).
Jähennem bolsa, Alla tagalanyň zalym kapyrlara, azap bermek üçin, taýýarlan ýeridir. Olara-da akylyň ýetmejek derejesinde azap beriljekdigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (وَقُلِ الْحَقُّ مِنْ رَبِّكُمْ فَمَنْ شَاءَ فَلْيُؤْمِنْ وَمَنْ شَاءَ فَلْيَكْفُرْ ۚ إِنَّا أَعْتَدْنَا لِلظَّالِمِينَ نَارًا أَحَاطَ بِهِمْ سُرَادِقُهَا ۚ وَإِنْ يَسْتَغِيثُوا يُغَاثُوا بِمَاءٍ كَالْمُهْلِ يَشْوِي الْوُجُوهَ ۚ بِئْسَ الشَّرَابُ وَسَاءَتْ مُرْتَفَقًا) الكهف 29
(Takyk, Biz zalymlar üçin (daş-töweregi) diwarlar bilen gurşalan ody (dowzahy) taýýarladyk. Eger olar (dowzahda suw içmek üçin) haýyş etseler, olara ýüzlerini erän magdan ýaly gowrup barýan suw bilen (ýardam) berler. Gör, (ol) nähili erbet içgidir we (ol) nähili erbet söýeniljek ýerdir) (Kähf:29).
Jennet we jähennem şu wagt hem bardyr we olar hiç-haçan tükenýän däldir.
Alla tagala jennet barada şeýle diýýär:
قال تعالى: (رَسُولًا يَتْلُو عَلَيْكُمْ آيَاتِ اللَّهِ مُبَيِّنَاتٍ لِيُخْرِجَ الَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ مِنَ الظُّلُمَاتِ إِلَى النُّورِ ۚ وَمَنْ يُؤْمِنْ بِاللَّهِ وَيَعْمَلْ صَالِحًا يُدْخِلْهُ جَنَّاتٍ تَجْرِي مِنْ تَحْتِهَا الْأَنْهَارُ خَالِدِينَ فِيهَا أَبَدًا ۖ قَدْ أَحْسَنَ اللَّهُ لَهُ رِزْقًا) الطلاق 11
(Kim Alla ynanyp, ýagşy işleri etse, Alla olary aşagyndan derýalar akýan jennetlere ýerleşdirer. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Alla oňa (beýle bendesine), bol rysgal berer) (Talak:11).
Jähennem barada şeýle diýýär:
قال تعالى: (إِنَّ اللَّهَ لَعَنَ الْكَافِرِينَ وَأَعَدَّ لَهُمْ سَعِيرًا (64) خَالِدِينَ فِيهَا أَبَدًا لَا يَجِدُونَ وَلِيًّا وَلَا نَصِيرًا (65) يَوْمَ تُقَلَّبُ وُجُوهُهُمْ فِي النَّارِ يَقُولُونَ يَا لَيْتَنَا أَطَعْنَا اللَّهَ وَأَطَعْنَا الرَّسُولَا)الأحزاب 64-66
)Takyk, Alla inkär edenleri näletledi we olara ýalynly ot taýýarlady. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Şeýle hem olar özlerine ne bir hemaýatkär, ne-de bir kömekçi taparlar. Olar ýüzleri oda aýlandyrylan güni: «Käşgä, biz Alla we Onuň ilçisine tabyn bolsadyk» diýerler( (Ahzab:64-66).
Kuran we sünnetde belli bir atlar ýa-da sypatlar bilen agzalan käbir adamlaryň jennetidigine şaýatlyk berilendigine we biz hem olaryň jennetidiklerine şaýatlyk berýäris.
Ebu Bekir, Omar, Osman, Ali –Alla olardan razy bolsun- we başgada käbir sahabalaryň jennetidikleri barada Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şaýatlyk berendir.
Kuran we sünnetiň her bir mu'min ýa-da takwa diýip sypatlandyran adamsynyň jennete girjekdigine şaýatlyk berýäris.
Kuran we sünnetde belli bir atlar ýa-da sypatlar bilen agzalan käbir adamlaryň jähennemidigine şaýatlyk berilendigine we biz hem olaryň jähennemidiklerine şaýatlyk berýäris.
Kuran we sünnetiň her bir kapyr, müşrik we mynafyk diýip, sypatlandyran adamsynyň jähenneme girjekdigine şaýatlyk berýäris.
Öli gabyra salynandan soň, ondan Robbynyň, dininiň we pygamberiniň kimdigi barada soraljak, gabyr pitnesine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (يُثَبِّتُ اللَّهُ الَّذِينَ آمَنُوا بِالْقَوْلِ الثَّابِتِ فِي الْحَيَاةِ الدُّنْيَا وَفِي الْآخِرَةِ ۖ وَيُضِلُّ اللَّهُ الظَّالِمِينَ ۚ وَيَفْعَلُ اللَّهُ مَا يَشَاءُ) إبراهيم 27
)Alla berk (mäkäm) söz bilen iman getiren kişileri dünýä ýaşaýşynda we ahyretde mäkäm söz bilen berkider( (Ybraýym:27).
Mu'min adam: “Robbym Alla, dinim Yslam we pygamberim Muhammet –sallallahu aleýhi we sellemdir-“ diýip, jogap berjekdir.
Kapyr we mynafyk adam bolsa: “Bilmedim, adamlaryň bir zatlar diýýänlerini eşitdim, men hem şolar ýaly diýdim" diýip, jogap berjekdir.
Gabyr ýaşaýşynda, mu'minlere beriljek, gabyrdaky nygmatlara iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (الَّذِينَ تَتَوَفَّاهُمُ الْمَلَائِكَةُ طَيِّبِينَ ۙ يَقُولُونَ سَلَامٌ عَلَيْكُمُ ادْخُلُوا الْجَنَّةَ بِمَا كُنْتُمْ تَعْمَلُونَ) النحل 32
)Perişdeler päk (ýagşy) haldakalar janlaryny alan kişilere: «Salam size, eden işleriňiz sebäpli, jennete giriň!» diýerler( (Nahyl:32).
Gabyr ýaşaýşynda, zalym kapyrlar üçin gabyrda beriljek azaba iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (وَلَوْ تَرَىٰ إِذِ الظَّالِمُونَ فِي غَمَرَاتِ الْمَوْتِ وَالْمَلَائِكَةُ بَاسِطُو أَيْدِيهِمْ أَخْرِجُوا أَنْفُسَكُمُ ۖ الْيَوْمَ تُجْزَوْنَ عَذَابَ الْهُونِ بِمَا كُنْتُمْ تَقُولُونَ عَلَى اللَّهِ غَيْرَ الْحَقِّ وَكُنْتُمْ عَنْ آيَاتِهِ تَسْتَكْبِرُونَ) الانعام 93
) (Eý, Muhammet!) Sen bu zalymlary jan çekişýän (soňky deminde) wagtlary (ajal) perişdeleriniň ellerini uzadyp, (olara): «Janlaryňyzy (ruhlaryňyzy) çykaryň! Siz bu gün Alla hakda hakykat bolmadyk (ýalan) zady aýdandygyňyz, Onuň aýatlaryny ulumsylyk (bilen inkär) edendigiňiz sebäpli, ryswa ediji azap bilen jezalandyrylarsyňyz» (diýenlerinde, ol kapyrlaryň ýagdaýyny) bir görsediň!( (Engam:93).
Bu agzalan mowzugymyz barada, rowaýat edilen hadyslar kändir. Mundan soňra mu'miniň boýnuna düşýän zat, Kuran we sünnetiň gaýypdan beren habarlaryna ynanmagy gerekdir we dünýädäki görýän zatlaryna deňemesizligi gerekdir. Sebäbi ahyretdäki boljak zatlar, bu dünýädäki zatlara deňäp bolmajak zatdyr. Alla tagalanyň özi ýardam bersin!
***
Kadara (Takdyra) iman etmek
Alla tagalanyň öňden bilijilik ylmyna we hikmetine görä, bar ýaradylanlara takdyr edilen, kadaryň haýyryna we şerine iman getirýäris.
Kadar dört bölümden ybaratdyr:
Birinji bölümi: Ylym.
Alla tagalanyň hemme zatdan habarlydygyna iman getirýäris. Ol bolan zady, boljak zady, bolanda nähili boljakdygyny, öňki we ebedilyk ylmy bilen bilýändir. Onuň bilmeýän zady bolup, soňra bilmekligi ýa-da bileninden soň unutmaklygy, ýokdur.
Ikinji bölümi: Ýazgy.
Alla tagala kyýamat gününe çenli, boljak ähli zatlary Lawhil Mahfuzda[5] ýazandygyna iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (أَلَمْ تَعْلَمْ أَنَّ اللَّهَ يَعْلَمُ مَا فِي السَّمَاءِ وَالْأَرْضِ ۗ إِنَّ ذَٰلِكَ فِي كِتَابٍ ۚ إِنَّ ذَٰلِكَ عَلَى اللَّهِ يَسِيرٌ) الحج 70
) Sen Allanyň asmanlardakylary we ýerdäkileri bilýändigini, munuň bir kitapda ýazylgy durandygyny bilmeýärsiňmi?! Takyk, bu Alla üçin örän ýeňildir( (Haj:70).
Üçinji bölümi: Isleg.
Alla tagalanyň asmandaky we ýerdäki bolan her bir zady isländigine, Onuň islegi bolmazdan hiç bir zadyň bolmajakdygyna, islän zadynyň boljakdygyna we islemedik zadynyň bolmajakdygyna iman getirýäris.
Dördünji bölümi: Ýaratmak.
Her bir zady ýaradan ýeketäk Alla tagaladygyna iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (اللَّهُ خَالِقُ كُلِّ شَيْءٍ وَهُوَ عَلَىٰ كُلِّ شَيْءٍ وَكِيلٌ (62) لَهُ مَقَالِيدُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَالَّذِينَ كَفَرُوا بِآيَاتِ اللَّهِ أُولَٰئِكَ هُمُ الْخَاسِرُونَ) الزمر 62-63
) Alla barça zatlaryň ýaradyjysydyr. Ol ähli zadyň gözegçisidir. Asmanlaryň we ýeriň açarlary (hökmürowanlygy) Onuňkydyr( (Zümer:62,63).
Bu dört bölüm Alla tagalanyň bütin ýaradan zatlary, öz islegine görä boluşy ýaly, ýaradan zatlarynyň edýän işleri hem Onuň islegine görä boljakdyr. Gullaryň aýdan sözleri, edýän amallary ýa-da etmän taşlan zatlary, Alla tarapyndan bilinen we Onuň özünde ýazgyda durandyr. Bularyň hemmesini Ol isländir we ýaradandyr.
Bu barada Alla tagala şu aýatlarda şeýle diýýär:
قال تعالى: (لِمَنْ شَاءَ مِنْكُمْ أَنْ يَسْتَقِيمَ(28) وَمَا تَشَاءُونَ إِلَّا أَنْ يَشَاءَ اللَّهُ رَبُّ الْعَالَمِينَ)التكوير 28-29
)Dogry ýoly tapmak isleýänler üçin (öwüt-ündewdir). (Emma bu dogry ýolda berk durmak) siziň islegiňize bagly däldir, ol diňe älemleriň Perwerdigäri bolan Allanyň islegi bilen (amala aşar)( (Tekwir:28,29).
قال تعالى: (وَلَوْ شَاءَ اللَّهُ مَا اقْتَتَلُوا وَلَٰكِنَّ اللَّهَ يَفْعَلُ مَا يُرِيدُ) البقرة 253
(Eger Alla islesedi, olar söweşmezdiler. Emma Alla islän zadyny amala aşyrýandyr) (Bakara:253).
قال تعالى: (وَلَوْ شَاءَ اللَّهُ مَا فَعَلُوهُ ۖ فَذَرْهُمْ وَمَا يَفْتَرُونَ) الانعام 137
(Eger Alla islesedi, olar muny edip bilmezdiler. Bes, sen olary toslan ýalanlary bilen ýalňyz goý!)(Engam:137).
قال تعالى: (وَاللَّهُ خَلَقَكُمْ وَمَا تَعْمَلُونَ) الصافات 96
(Sizi we siziň edýän zatlaryňyzy Alla ýaratdy) (Saffät:96).
We şol bir wagtda, Alla tagala guluna, saýlamaklyk hakyny we oňa ony etmeklik güýjüni berendigine we bu ikisi bilen, amal berjaý bolýanlygyna iman getirýäris.
Guluň eden amaly, onuň saýlamagy we güýji bilen edendigine delalat edýän aýatlar kän.
Birinjisi:
قال تعالى: (فَأْتُوا حَرْثَكُمْ أَنَّىٰ شِئْتُمْ) البقرة 223
(Aýallaryňyz sizin üçin (çaga öndürýän) ekin ýeriňizdir. Öz ekin ýeriňize (halal edilen ýerden) öz göwün isleýşiňiz ýaly baryň!) (Bakara:223).
قال تعالى: (وَلَوْ أَرَادُوا الْخُرُوجَ لَأَعَدُّوا لَهُ عُدَّةً) التوبة 46
) Eger olar dogrudan hem söweşe çykmak islesediler‚ elbetde‚ munuň üçin taýýarlyk görerdiler( (Tewbe:46).
Alla tagala bu iki aýatda her bir gul adamyň maşgalasyna ýakynlaşmagy we söweşe taýýarlyk görmegi, onuň islegine görä bolýandygyny aýdýar.
Ikinjisi: Alla tagala guluna bir zady buýruk etmekligi ýa-da guluny ol zatdan saklamaklygy.
Egerde guluň, bu halda, saýlama haky we güýji bolmasady, onda onuň başarmajak zady hem talap edilerdi. Bu bolsa, Alla tagalanyň hikmetine, rehmetine we şu aşakdaky agzaljak aýata ters gelýär.
Alla tagala aýdýar:
قال تعالى: (لَا يُكَلِّفُ اللَّهُ نَفْسًا إِلَّا وُسْعَهَا) البقرة 286
)Alla hiç kime güýjüniň ýetmejek zadyny ýüklemez (buýurmaz)( (Bakara:286).
Üçinjisi: Gowlyk edeniň, eden gowlygyna görä öwülmesi, erbetlik edeniň bolsa, erbetligine görä ýigrenilmesi we herkimiň öz etmişine görä hakyny almasy.
Egerde guluň eden amaly, öz arkaýyn islegine we saýlamagyna görä bolmasady, onda Alla tagalanyň gowlyk edeni öwmesi we erbetlik edeni jezalandyrmasy zulum bolardy. Alla tagala bolgusyzlykdan we zulum etmekden päkdir.
Dördünjisi: Çünki adamlarda uzur bolmaz ýaly, Alla tagala ilçileri gönderdi.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (رُسُلًا مُبَشِّرِينَ وَمُنْذِرِينَ لِئَلَّا يَكُونَ لِلنَّاسِ عَلَى اللَّهِ حُجَّةٌ بَعْدَ الرُّسُلِ) النساء 165
)Ilçiler (gelip, dogry ýol äşgär edilenden) soň, ynsanlarda Alla garşy (öňe sürüp biljek hiç bir) bahanalary bolmazlygy üçin, (Biz ol) ilçileri (rahmetimizi) buşlaýjylar we (gazabymyzy) duýduryjylar edip (iberdik)( (Nisa:165).
Egerde guluň eden amaly, öz arkaýyn islegine we saýlamagyna görä bolmasady, Alla tagalanyň ilçiler göndermesiniň hiç bir peýdasy bolazdy.
Bäşinjisi: Her bir ynsan, bir işi edeninde ýa-da etmediginde, hiç bir zorluk çekmezden hereket edendigini duýar. Turar, oturar, girer, çykar, sapar eder ýa-da galar. Bularyň hemmesini öz islegine görä eder. Bulary eden halynda, hiç birisi özüniň zorlanyp etdirilendigini duýmaz. Tersine, bir işi öz arkaýyn islegine we saýlamagyna görä edenini biler, özüni zorlap etdirileniň tapawudyny saýgaryp biler.
Şol halda-da dinimiz hem bu ikisiniň arasyny hikmet bilen bir şekilde saýgarandyr. We-de Alla tagala öz hakyny, öz islegi bilen etmezden, başga biriniň zorlugy bilen eden guluň etmişini bagyşlandyr.
Her bir günä eden, Alla tagalanyň kadaryna delil tutunmaklyga hiç bir haky ýokdyr. Çünki günä eden adam, Alla tagalanyň oňa, näme takdyr edenini bilmezden, ol günäni öz islegi bilen edendir. Bu sebäpli her bir adam, Alla tagalanyň özüne näme takdyr edenini, diňe amal edileninden soň bilip galar.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (وَمَا تَدْرِي نَفْسٌ مَاذَا تَكْسِبُ غَدً) لقمان 34
)Hiç kim ertir näme gazanjagyny bilmez( (Lukman:34).
Her bir günä eden, takdyrynda nämäniň ýazylandygyny bilmän, soňrada şony delil tutunup uzur gözlemekligi, dogry bolup bilermi?
Bu barada Alla tagala, olaryň tutunjak uzuryny batyla çykaryp şeýle diýýär:
قال تعالى : (سَيَقُولُ الَّذِينَ أَشْرَكُوا لَوْ شَاءَ اللَّهُ مَا أَشْرَكْنَا وَلَا آبَاؤُنَا وَلَا حَرَّمْنَا مِنْ شَيْءٍ ۚ كَذَٰلِكَ كَذَّبَ الَّذِينَ مِنْ قَبْلِهِمْ حَتَّىٰ ذَاقُوا بَأْسَنَا ۗ قُلْ هَلْ عِنْدَكُمْ مِنْ عِلْمٍ فَتُخْرِجُوهُ لَنَا ۖ إِنْ تَتَّبِعُونَ إِلَّا الظَّنَّ وَإِنْ أَنْتُمْ إِلَّا تَخْرُصُونَ)الانعام 148
) (Alla) şärik goşanlar: «Eger Alla islesedi‚ bizem‚ ata-babalarymyzam (Alla) şärik goşmazdyk. Hiç bir zady hem (öz-özümizden) haram etmezdik» diýerler. Olardan öňküler hem, tä Biziň azabymyzy dadýançalar, (pygamberlerini) ýalançy hasaplapdylar. Aýt: «Siziň ýanyňyzda (eliňizde) Bize (orta) goýup biljek anyk maglumatyňyz (belli bir deliliňiz) barmy? Siz diňe (ýalňyş) çaklama uýýarsyňyz hem-de diňe ýalan sözleýärsiňiz( (Engam:148).
Kadary delil tutunyp, günä edýäne şeýle diýýäris:
Alla tagala saňa tagat etmekligi takdyr etdi diýip, näme üçin ony delil tutunyp tagat edeňok? Çünki belli bolmazdan öň, takdyr edilen zadyň bilinmedigi üçin, tagat bilen günäň arasynda hiç bir tapawutlyk ýokdyr. Bu sebäpli Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem-, Alla tagalan her kişiniň jennetde we jähennemde galjak ýerini taýýarlandygyny, sahabalara habar berende, sahabalar aýtdylar: “Onda tewekkül edip (Alla sygynyp), amal etmegimizi taşlamalymy?", aýtdy: “Ýok, amallaryňyzy ediň, çünki her bir adam, nämä ýaradylan bolsa, şoňa ýeňilleşdirilendir".
Kadary delil tutunyp, günä edýäne ýene-de şeýle diýýäris:
Mekgä sapar etmek islediň we oňa gitmeklik üçin iki ýoluň bardygyny, saňa dogruçyl biri habar berdi. Bu iki ýoluň biri, gorkunç we kyn, beýlekisi bolsa, howpsyz we golaý, indi seniň ikinji ýoly saýlajakdygyňa gözüň ýetip dur. Ýöne sen, maňa takdyr edildi diýip, birinji ýoly saýlamaklygyň mümkin däldir. Eger-de sen ony saýlaýsaň, onda seni adamlar dälileriň hataryna salarlar.
Kadary delil tutunyp, günä edýäne ýene-de şeýle diýýäris:
Eger-de saňa iki wezipe hödürlense we biriniň aýlygy, beýlekisine görä has köpüräk bolsa, onda belli bolşy ýaly, sen aýlygy köp bolan wezipäni saýlarsyň. Beýle bolsa, näme üçin ahyrete degişli amallaryň iň pesini saýlap, soňam ol etmekligiňe kadary delil tutunýaň?!
Kadary delil tutunyp, günä edýäne ýene-de şeýle diýýäris:
Syrkawlan halyňda, ondan açylmaklyk üçin ähli lukmanlaryň gapysyny kakýarsyň. Endamyňdaky agyryny aýyrmak üçin, operasiýa etdirip, dermanyň ajysyna sabyr edýärsiň. Ýöne şol bir halda kalbyňdaky keseller (günäler) üçin, hiç bir zat etmeýärsiň?
Rehmet we hikmetiň kämil eýesi bolan Alla tagala hiç-hili erbetlik ýöňkelmeýändigine iman getirýäris.
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- bu barada şeýle diýýär: “Erbetlik (şer) saňa (Alla) laýyk däldir" (Rowaýat eden Muslim).
Hatda Alla tagalanyň takdyr eden höküminde hem hiç hili şer ýokdyr. Çünki bu höküm, Onuň rehmet we hikmetinden çykyp gelýändir.
Şer Allahyň takdyr eden zatlarynyň netijesinde döreýändir.
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- agtygy Hasana kunut dogany öwredende şeýle diýen: “Meni, ýazgyt edilen hökümleriň şerinden gora".
Bu hadysda agzalan şer, Allaha ýolukýan däldir, megerem Onuň takdyr eden zadyna ýolukýandyr. Şol bir wagtda, şol takdyr edilen zatlar hem şer hasaplanýan däldir. Bir tarapdan şer bolsa, başga tarapdan haýyr bolup biler ýa-da biriniň ýanynda şer bolsa, beýlekiniň ýanynda haýyr bolup biler.
Ýer-ýüzünde guraklygyň, keseliň, garyplygyň we gorky ýaly zatlaryň bolmaklygy, ýaşaýyş düzgünini bulaýan zatlardyr, ýöne ol bir tarapdan şer bolsa, beýleki tarapdan haýyrdyr.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (ظَهَرَ الْفَسَادُ فِي الْبَرِّ وَالْبَحْرِ بِمَا كَسَبَتْ أَيْدِي النَّاسِ لِيُذِيقَهُمْ بَعْضَ الَّذِي عَمِلُوا لَعَلَّهُمْ يَرْجِعُونَ) الروم 41
) Adamlaryň öz elleri bilen eden erbetlikleri sebäpli, gury ýerde we deňizde pitne-pisat ýüze çykdy. Olaryň (öz etmişlerinden) dänmekleri üçin Alla olaryň eden etmişleriniň käbirini (bu dünýäde) özlerine dadyrar( (Rum:41)
Ogrynyň eli kesilmegi, öýlenen erkek ýa-da aýal maşgala zyna edende, daşlanyp öldürilmegi, bu jeza, eli kesilen ýa-da öldürilen adama görä şerdir, ýöne beýleki tarapdan bolsa, bu jeza her biri üçin haýyrdyr. Çünki had (kanun) jezasynyň edilmegi ikisiniň hem günäleriniň geçilmegine sebäp bolýandyr. Olara şol bir wagtda, dünýä we ahyret azaby berilýän däldir. Beýleki tarapdan had jezasynyň edilmekliginde mal, ar-namys we nesil goranyp durýar, bu bolsa, adam ýaşaýşy üçin haýyrdyr.
Bu ynanjyň peýdalary
Uly esaslary alan bu uly ynanç, ynananlara gerekli uly peýda berendir.
Alla tagalanyň gözel atlaryna we sypatlaryna ynanmakda alynýan peýdalar:
Alla tagala, Onuň gözel atlaryna we sypatlaryna ynanmak; buýruklaryny ýerne ýetirmek we gaýtaran zatlaryndan gaýtmak, gulyň Allaha bolan söýgüsini we beýiklemesini artdyrýandyr. Alla tagalanyň buýrugyny ýerine ýetirmek we gaýtaranyndan gaýtmak, bir adamy we jemgyýetdäki adamlary, dünýäde we ahyretde abadançylykda saklar.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى : (مَنْ عَمِلَ صَالِحًا مِنْ ذَكَرٍ أَوْ أُنْثَىٰ وَهُوَ مُؤْمِنٌ فَلَنُحْيِيَنَّهُ حَيَاةً طَيِّبَةً وَلَنَجْزِيَنَّهُمْ أَجْرَهُمْ بِأَحْسَنِ مَا كَانُوا يَعْمَلُونَ)النحل 97
(Erkek bolsun, ýa aýal, (her) kim iman getirip, ýagşy işleri etse, takyk, ony gözel durmuşda ýaşadarys. Olaryň eden işleriniň sylagyny iň gözel görnüşde bereris) (Nahl:97).
Meleklere ynanmakda alynýan peýdalar:
1. Jynlary we ynsanlary ýaradan Allanyň beýikligini, güýjüni we hökümdarlygyny bilmekligi berkider.
2. Alla tagala gullaryna, melekleri, hemişe gözegçilikde goýandygy sebäpli, Allasyna hemişe şükür eder. Alla tagala gullaryny goramak üçin, olaryň amallaryny ýazmak we olara peýda bermekleri üçin melekleri wezipeländir.
3. Melekleriň Alla tagala, iň gowy halda ybadat edýänleri üçin we mu'minleriň günäleriniň bagyşlanmagyny, Alla tagaladan soraýandyklary üçin, meleklere bolan söýgüni artdyrar.
Kitaplara ynanmakda alynýan peýdalar:
1. Bu kitaplar, Alla tagalanyň gullaryna bolan rehmetini we olara bolan gözegçiligini, bilmeklige kömek eder. Çünki Alla tagala dogry ýoly tapsynlar diýip, her bir kowma kitap iberendir.
2. Bu kitaplar, Alla tagalanyň hikmetini ýüze çykarýar. Çünki bu kitaplarda, her ymmat üçin, mynasyp şerigat hökümleri bardyr. Bu kitaplaryň soňy bolan Kuran-u Kerim, her zamana we ýere laýyk bolup, kyýamata çenli, ähli ýaradylanlar üçin, mynasyp kitapdyr.
3. Alla tagalanyň bu nygmaty berendigine, şükür etmeklige iterer.
Ilçilere ynanmakda alynýan peýdalar:
1. Alla tagalanyň gullaryna bolan rahmetini we olara bolan gözegçiligini bilmeklige kömek eder. Çünki Alla tagala, ynsanlara dogry ýoly görkezmek we olary bu dogry ýola çagyrmak üçin, her ymmata bir ilçi iberendir.
2. Alla tagalanyň bu uly nygmatyna şükür etmeklige iterer.
3. Ilçileri söýmeklige, olara başarşy ýaly söýgüsini görkezmeklige we olary laýyk halda öwmeklige, iterer. Çünki olar, Alla tagalanyň ilçileri we saýlan gullarydyr. Ilçiler, olar Alla tagala ybadat edip, öz ilçilik wezipesinde dagwat edip, Alla tagalanyň gullaryna nesihat edip we bu ugurda olaryň ezýetine sabyr edenlerdir.
Ahyret gününe ynanmakda alynýan peýdalar:
1. Ahyret gününiň sogabyna umyt edip, Alla tagala ybadat etmäge we ol günüň azabyndan gorkup, günä etmesizlige kömek berer.
2. Dünýä nygmatlaryny umyt edip, alyp bilmedik mu'minler, ahyret nygmatyny we ol ýeriň sogabyny almaklyga umyt etdirer.
Kadara ynanmakda alynýan peýdalar:
1. Bir işi edeniňde, sebäbini alyp, Allaha sygynmaklyga ýardam berer. Çünki amal we onuň netijesi, Alla tagalanyň kaza we kadaryndan çykýan däldir.
2. Muňa ynanan her göwün, rahat tapar, hem-de ýüregi arkynlaşar. Çünki bolan zat, Alla tagalanyň kaza we kadary sebäpli bolandygyna, we islenmeýän zatdan hem sypyp bolmajakdygyna gözi ýetenden soň, göwni rahatlaşar, ýüregi hem arkynlaşar. Robbunyň hökümine razy bolar. Kadara ynanan adamdan, gowy ýaşaýan, göwüni has rahatlaşan, we ýüregi has arkynlaşan, hiç bir adam ýokdyr.
3. Kadara ynanaňda, haçanda arzuw eden zadyňa ýeteniňde, özüňe geň galyp, begenmekden alyp galar. Çünki Alla tagalanyň takdyr eden sebäplerinden alynan haýyr we gazanylan zat, nygmatdyr. Bu nygmatyň garşylygyna, Alla tagala şükür eder we özüne begenmekligini taşlar.
4. Islän zadyna ýetip bilmediginde ýa-da halanmaýan bir zat üstüne düşende, alada etmekden we iç gysmadan alyp galýandyr. Çünki bu, asmanyň we ýeriň mülki elinde bolan, Alla tagalanyň kazasy bilen bolandyr. Bu hökmany suratda bolaýmalydyr. Bu halda ol diňe sabyr eder we sogabynyda Alla tagaladan umyt eder.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
قال تعالى: (مَا أَصَابَ مِنْ مُصِيبَةٍ فِي الْأَرْضِ وَلَا فِي أَنْفُسِكُمْ إِلَّا فِي كِتَابٍ مِنْ قَبْلِ أَنْ نَبْرَأَهَا ۚ إِنَّ ذَٰلِكَ عَلَى اللَّهِ يَسِيرٌ (22) لِكَيْلَا تَأْسَوْا عَلَىٰ مَا فَاتَكُمْ وَلَا تَفْرَحُوا بِمَا آتَاكُمْ ۗ وَاللَّهُ لَا يُحِبُّ كُلَّ مُخْتَالٍ فَخُورٍ) الحديد 22-23
(Ýer (ýüzünde) bolup geçýän we siziň başyňyza gelen (islendik) belany Biz heniz ony ýaratmagymyzdan öň bir kitapda ýazyp goýandyrys. Takyk, bu Alla (üçin) aňsatdyr. (Alla muny) siziň gidiren zatlaryňyza gynanmazlygyňyz, size berlen zatlar (nygmatlar) üçin hem ulumsy (tekepbir) bolmazlygyňyz üçin (beýan edýär). Ol (Alla) öwnüp duran ulumsylaryň hiç haýsyny halamaz) (Hadid:22,23).
Alla tagaladan bizi, bu ynanjyň üstünde berkitmegini, bu ynanjyň peýdalaryny, amal etmeklige, bize nesip etdirmegini, bize ýardam bermegini, hidäýet edeninden soňra kalplarymyzy imandan boş etmezligini we bize rahmet etmegini dileýäris.
Hiç şübhesiz, Alla tagala gullaryna beren nygmatyny, garşylyksyz we köp berendir. Bütin hamdlar Älemleriň Robby bolan Allahadyr.
Alla tagalanyň salam we salawaty pygamberimiz Muhammet –sallallahu aleýhi we selleme-, onuň maşgalasyna, sahabalaryna we ýagşylykda olaryň yzyna düşenlere bolsun.
[1] Sahaba: “Pygamberimizi –sallallahu aleýhi we sellemi- haýatynda görüp, oňa iman edip we şol hal ölen adam".
[2] Täbigy: “Sahabany gören adam".
[3] Täbigy-täbigun: “Täbigyny gören adam".
[4] Ijtihäd: “Bir meselede Kuran we sünnetde açyk-aýdyň delil bolmadyk ýagdaýynda, Alymyň ylmyna görä, yhlas bilen çykaran hökümidir."
[5] Lawhil-Mahfuz: “Alla tagalanyň ýanynda bolup, onda ähli boljak zatlar ýazylandyr".