×
Täret kitaby: Bu gysgaça makala, öz içinde täret mowzugyna degişli ähli bölümleri, ýagny, täret sözüniň manysy, täret kylmagyň hökümi, onuň parzlary, şertleri, sünnetleri we ony pozýan zatlar barada, gysgaça agzandyr.

    Täret kitaby

    كتاب الوضوء

    < التركمانية – Türkmençe- Turkmen >

    Taýýarlan: Birnäçe Alymlaryň jemi

    إعداد: نخبة من العلماء

    —™

    Terjime eden: Ebu Huzeýfe Türkmen

    Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen

    ترجمة: أبو حذيفة التركماني

    مراجعة: خالد أبو أنس التركماني

    Täret kitaby

    - Täret sözüniň manysy we hökümi.

    Dil taýdan manysy: “Ýagşylyk we tämizlik”.

    Şerigat taýdan manysy: “Alla tagala ybadat etmeklik niýet bilen, bedende bolan dört agzany, diniň sypatlandyryşy ýaly ýuwmaklyk”.

    Hökümi: “Täretsiz, Namaz okamak isleýän kişä, şolar ýaly käbäniň daşyndan tawaf (aýlaw) etjek bolýana we Kurany ellemeklik isläne wajypdyr.

    Wajypdygyna delil, Kuranda Alla tagala şeýle diýýär:

    “Eý, iman getirenler! Namaz (okamak) üçin turanyňyzda, ýüzleriňizi we tirsekleriňize çenli elleriňizi ýuwuň, başlaryňyza mesh ediň we iki topuklaryňyza çenli aýaklaryňyzy ýuwuň! Eger ini hapa bolsaňyz, (gowy edip) ýuwnuň! Eger hassa ýa-da ýolagçy bolsaňyz, ýa-da siziň biriňiz aýak ýolundan gelen bolsa, ýa-da siz aýallaryňyza ýanaşan bolsaňyz we (ýuwnar ýaly) suw tapmasaňyz, päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň! (Ýagny) ýüzleriňize we (iki tirsegiňize çenli) elleriňize mesh ediň! Alla size kynçylyk döretmek islemeýär, emma sizi (günälerden) päklemek we (diniň hökümlerini beýan edip), Öz nygmatyny size doly bermek isleýär. (Bular) siziň (Alla) şükür etmegiňiz üçindir.” (Mäide:6).

    We Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “Alla tagala, oljadan rugsatsyz alnan zadyň, sadakasyny kabul etmeýşi ýaly, täretsiz okalan namazy hem, kabul edýän däldir!”[1]

    Ýene-de Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “Alla tagala täretsiz adamyň namazyny, tä täret kylynça, kabul etmez.”[2]

    Täretiň wajypdygyna, musulmanlaryň arasynda hiç-hili düşünişmezlik bolan däldir. Şol sebäpli, onuň şerigatda wajypdygyna, Kuran, sünnet we ijmag[3] delil bolup durýandyr.

    Kime wajyp bolýar?

    Jogap: Akyly ýerinde ýetişen, musulman adam, namaz okamak ýa-da täret wajyp bolan amaly etmek islese, oňa wajypdyr.

    Haçan wajyp bolýar?

    Jogap: Namaz wagty gelse ýa-da bir adamyň etmek islän amalynda, täret şert edilen bolsa we ol amala belli bir wagt goýulmadyk bolsa, ýagny, tawaf etmek ýa-da Kuran ellemek islese, wajyp bolýandyr.

    - Täretiň şertleri.

    Täretiň dürs bolmaklygynyň şertleri:

    1. Musulman, akyly ýerinde, we ýetginjeňlik ýaşyna ýeten bolmaly. Kapyryň, däliniň we ýetişmedik çaganyň täreti dürs däldir.

    2. Niýet etmek. Hadysda gelşi ýaly: “Çünki her bir amal niýete görädir”[4]. Dil bilen aýtmak, gerek däldir. Sebäbi, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemiň- niýeti, dili bilen aýdandygy barada, sahyh (dogry) delil ýokdyr.

    3. Täret suwy arassa bolmaly, hapa suwda alnan täret, dürs däldir.

    4. Beden agzalaryň hamyna, suwyň ýetmegine böwet bolýan, hamyr, şem, boýag ýaly zatlary aýyrmaklyk. Edil şu zamanymyzda aýallaryň dyrnaklaryna çalýan boýaglary hem aýrylmalydyr.

    5. Hajatyňy bitirip bolanyňdan soň, galýan yzyny, kesek (kagyz, mata) ýa-da suw bilen arassalamaklyk.

    6. Yzygiderlilik. Her agzany ýuwanyňda, arasynda gurajak derejede wagt bermezlik.

    7. Tertip. Agzalary, aýatda gelşi ýaly tertipde ýuwmaklyk.

    8. Wajyp bolan hemme agzalary ýuwmaklyk.

    - Täretiň parzlary.

    Täret alanyňda ýuwmaklygy parz bolýan agzalar:

    1. Ýüzüňi kämil ýuwmak. Muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “..Namaz (okamak) üçin turanyňyzda, ýüzleriňizi ýuwuň..” (Mäide:6). Agzyňy çaýkamaklyk we sümgürip burnuňy ýuwmaklyk hem, ýüze girýändir.

    2. Iki eliňi tirsege çenli ýuwmaklyk. Muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “..elleriňizi, tirsekleriňize çenli ýuwuň..” (Mäide:6).

    3. Bütinleýin kelläňi, gulaklaryň bilen mesh etmek (öl elleriň bilen syrmak). Muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “..başlaryňyza mesh ediň..” (Mäide:6). We Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “iki gulak kelledendir”.[5] Başyň käbir ýerini mesh edip, käbir ýerini taşlamaklyk, dürs däldir.

    4. Iki aýagyňy topugyna çenli ýuwmak. Muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “iki aýaklaryňyzy topuklaryňyza çenli ýuwuň.” (Mäide:6).

    5. Ýokardaky agzalan beden agzalary, öz tertibine görä ýuwmak. Sebäbi Alla tagala şeýle tertipländir we Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- hem, şeýle tertipde täret kylandyr.

    6. Her agzalan agzalary, yzly-yzyna, hiç bir wagt bermezden ýuwmak. Çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle ederdi. Halid ibn Magdan aýtdy: “Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- namaz okap oturan adamyň, täret kylanda, ökjesiniň teňňe derejede bir bölegine, suwuň ýetmändigini görende, täretini täzelemekligini buýurdy”.[6] Egerde agzalary yzly-yzyna ýuwmaklyk şert bolmadyk bolsady, doly täret kylmaklygy buýurmazdy.

    - Täretiň sünnetleri.

    Täret kylnanda käbir goşmaça amallar bardyr. Kim şolary etse, sogaby bardyr, kim etmese, günäsi ýokdyr we bulara bolsa, täretiň sünnetleri diýilýändir:

    1. Allanyň ady (bismillä) bilen başlamaklyk. Muňa delil, Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “Kim täreti Allanyň ady bilen başlamasa, doly sogabyny alýan däldir.”[7]

    2. Miswäk ullanmak. Muňa delil, Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “Egerde ymmatyma agyr bolmadyk bolsa-dy, olara her täretde miswäk ulanmaklygy emir ederdim.”[8]

    3. Iki goşaryňy üç gezek ýuwmak. Muny Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- täret kylanda ederdi.

    4. Agzy bekli däl kişä, agzyny we burnyny çennen aşa gowy edip, çaýkamak we ýuwmak. Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- täret kylanda, agzyny çaýkap we burnyny ýuwandygy aýdylýar. Emma çennen aşa ýuwmaklyga delil bolsa, Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “Agzyň bekli bolmasa, burnyňy çennen aşa gowy edip ýuwgyn.”[9]

    5. Öl elleriň bilen, sakalyň içine, barmaklaryňy geçirip öllemek. Çünki Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- şeýle edendir. Sahyh hadysda gelşi ýaly: “Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- haçanda täret kylanda, öl elleri bilen, sakgalyny öllärdi.”[10]

    6. Eliňi we aýagyňy ýuwanyňda, sag tarapyňy, çep tarapyňdan birinji ýuwmak. Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- ähli işlerinde sag tarapdan başlaýan eken. Sahyh hadysda aýdylşy ýaly: “Hemişe Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- aýak gabyny geýende, saçyny we sakgalyny daranda, täret alanda we ýuwnanda, megerem, ähli halatynda sag tarapdan başlamaklygy gowy görer eken.”[11]

    7. Ýüziňi, eliňi we aýagyňy üç gezekden ýuwmak. Bir gezek ýuwmak wajypdyr we üç gezek ýuwmak bolsa, sünnetdir. Çünki Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemiň- şeýle edendigi barada, şeýle habar berilýär: “Täret kylanda, kä halatda bir gezekden ýa-da iki gezekden ýa-da üç gezekden ýuwardy.”[12]

    8. Täreti alanyňdan soňra, täret dogasyny etmek. Muňa delil, Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “Kim-de kim hiç kemçiliksiz, kämil täretini kylyp, soňrada şuny aýtsa: “Şeksiz, şärigi bolmadyk, ýeketäk ybadata hakly Alladan başga, ilähiň ýoklugyna we Muhammet -sallallahu aleýhi we sellem- Allanyň guly we resulydygyna, şaýatlyk edýärin!” diýse, onuň üçin jennetiň sekiz gapysyda açylar, haýsysyndan girmek islese, girip biler.”[13]

    - Täreti pozýan zatlar.

    Täret alnandan soňra, ony pozýan zatlar:

    1. Öňki we yzky owratdan çykýan zatlar. Ol zatlar: siýdik, bok, döl, mezi (aýalyňa şähwetiň turanda gelýän, suwuklyk), istihaza gany (aýbaşy we çile ganyndan bolmadyk, kesel gany), oslygyň azy we köpidir. Muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “...ýa-da siziň biriňiz aýak ýolundan gelen bolsa,...”. (Nisä:43).

    We Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “Alla tagala täretsiz adamyň namazyny, tä täret kylynça, kabul etmez.”

    Ýene-de Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “...bok ýa-da siýdik çyksa, ýa-da uklasa, täreti pozular.”[14]

    Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- oslugynyň çykanyny ýa-da çykmandygyny bilmän, şeklenip duran adam barada şeýle diýdi: “Sesini eşitýänçä ýa-da ysyny alýança, üns bermesin”[15].

    2. Bedeniň, iki ýoldan başga ýerinden nejasat çyksa, ol çykan zat siýdik we bok bolsa, täreti pozýandyr, muňa geçenki agzalan zatlar, delil bolýandyr. Eger-de ol ikisinden başga zat çyksa, mysal üçin: gan ýa-da gusuk (gaýtarma) çyksa, egerde şol gan ýa-da gusuk kän bolsa, onda oňa käbir alymlar: “bu kän gusuk ýa gan täreti pozýandyr” diýendikleri sebäpli, täretini çalyşmaklygy gowy görülýändir. Emma, ol gan ýa-da gusuk az bolsa, onda oňa ähli alymlaryň bir agyzdan ylalaşmaklarynda, täretini çalyşmaklyk gerek däldir.

    3. Akylyň gitmek, çaşmak, ýatmak. Muňa delil, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “...bok ýa-da siýdik çyksa, ýa-da uklasa, täreti pozular”. We ýene-de şeýle diýdi: “oýalyk, oslygyň çykmazlygyna sebäpdir, kim-de kim uka gitse, täretini kylsyn)[16]. Emma dälliremeklik, çaşmaklyk, arak içip akylyny gidirmeklik, ähli alymlaryň bir agyzdan ylalaşmaklarynda, täreti pozýandyr. Täreti pozýan uky bolsa, hiç bir zady bilmezden we ýatan halatyna seretmezden, uka gitmeklikdir hem. Emma gysgadan irkilmeklik, täreti pozmaýar. Sebäbi Sahabalar –Alla olardan razy bolsun- namaza garaşanlarynda, ukylary gelip, irkilerdiler we şol halatlarynda turup, täretlerini çalyşmazdan, namazlaryny okardylar[17].

    4. Öz, öňki we yzky ynsan owradyňy, hiç bir örtgisiz ellemek. Agzaljak iki hadys muňa delildir. Besrete bint Safwan –Alla ondan razy bolsun- aýtdy: Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär: “Kim owratyny ellese, täretini kylsyn”[18]. Ebu Eýýubyň we Ummu Habibäniň rowaýat eden hadysy[19] hem, şol bir manydadyr.

    5. Düýe etini iýmek. Muňa delil, Jäbir ibn Semre aýtdy: “Bir adam Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellemden- sorady: “Eger-de goýun etini iýsek, täret kylalymy?” Pygamberimiz aýtdy: “Isleseň kyl, islemeseň kylma”, ol ýene-de sorady: “Eger-de düýe etini iýsek, täret alalymy? Oňa aýtdy: “Hawa, düýe etini iýseň täretiňi kyl”[20].

    6. Dinden dänmek (Mürted bolmak). Muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “Kim imandan (yslamdan) dänse, onuň (ähli) amallary puç bolar”. (Mäide:5). Öliniň halyndan başga, her bir gusul almaklygy wajyp edýän zat, täret kylmaklygy hem, wajyp edýändir.

    - Täret kylmaklyk, wajyp bolýan amallar:

    1. Namaz. Abdulla ibn Omaryň hadysy muňa delildir: “Alla tagala, oljadan rugsatsyz alnan zadyň, sadakasyny kabul etmeýşi ýaly, täretsiz okalan namazy hem, kabul edýän däldir!”[21].

    2. Tawaf (Käbäniň daşyndan aýlawyň) parzynda we sünnetinde, çünki Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- tawaf etmezinden öň, täretini kyldy”[22]. We ýene-de Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Käbä tawaf etmeklik namaz ýaly ybadatdyr, diňe Alla tagala tawafda, gürlemekligi rugsat berendir”[23]. Pygamberimiziň aýbaşy gany gelen aýala, ondan arassalanýança, tawaf etmekligi gadagan edendigi hem, muňa delildir.[24]

    3. Hiç bir örtgisiz kurany ellemeklik. Muňa delil, Alla tagala şeýle diýýär: “Oňa (Kurana), meger tämiz bolanlar (el) degrip bilerler”. (Wakyga:79). We Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Täretsiz adam, Kurana el degirmesin”[25].

    - Täret kylmaklyk, sünnet bolýan amallar:

    1. Alla tagala zikir edilende we Kuran okalanda sünnetdir.

    2. Her namazyň öňünden sünnetdir. Enes –Alla ondan razy bolsun- şeýle diýdi: “Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- her namazynyň öňünden, täret kylardy”[26].

    3. Aýaly bilen ýatyp turup, gusul bolan adama, eger-de täzeden aýalynyň ýanynyna barmak islese, ýa-da ýatmak islese, ýa-da iýip-içmek islese sünnetdir. Ebu Said Al-Hudry –Alla ondan razy bolsun- diýdi: Allanyň Resuly –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Kim aýaly bilen ýatyp-tursa, soňra täzeden oňa dolanmak islese, täretini kylsyn!”[27]. We Aýşa –Alla ondan razy bolsun- aýtdy: “Çünki Allanyň Resuly -sallallahu aleýhi we sellem- gusul halatynda ýatmak islese, ýatmazyndan öň, namazyna täret kylşy ýaly, täretini alardy”[28]. Ýene-de başga bir rowaýatda şeýle diýýär: “iýmek ýa-da ýatmak isläninde täret alardy”[29].

    4. Gusulyny almazyndan öň sünnetdir. Aýşa –Alla ondan razy bolsun- aýtdy: “Allanyň Resuly -sallallahu aleýhi we sellem- gusulyny almak üçin ýuwunanynda, iki elini ýuwup başlardy, soňra sagyndan başlap, çepine geçerdi, öňki owradyny ýuwup, namazyna täret kylşy ýaly, täretini alardy ...”[30].

    5. Ýatmazdan öň sünnetdir. Al-Bara ibn Azib –Alla ondan razy bolsun- aýtdy: Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: “Eger ýatmak isleseň, namazyňa täret kylşyň ýaly, täretiňi kyl, soňra bolsa, sag tarapyňa gyşarda ýat ...)[31].

    Şunlukda, tamamlandy. Çünki bu gysgaça makala, “Fykh Al-muýesser” atly kitapdan alnan bir parçadyr. Allaha hamdu-senalar we onuň pygamberine köp salam we salawatlar bolsun!

    ***

    [1] Muslim:(224).

    [2] Muslim:(223).

    [3] Ijmag: Alymlaryň bir meselä, bir agyzdan ylalaşyklary.

    [4] Buhary:(1), Muslim:(1908).

    [5] Tirmizi:(37), Ibn Mäje:(443).

    [6] Ahmet:(3/424), Ebu Dawd:(175).

    [7] Ahmet:(2/418), Ebu Dawud:(101), Hakim:(1/147).

    [8] Buhary:(fethulbäri 4/159).

    [9] Ebu Dawud:(142), Nesäi:(1/66).

    [10] Ebu Dawud:(145).

    [11] Buhary:(168), Muslim:(226).

    [12] Buhary:(157,158,159), Muslim:(226).

    [13] Muslim:(234), Tirmizi:(55).

    [14] Ahmet:(4/239), Nesäi:(1/83), Tirmizi:(96).

    [15] Buhary:(137), Muslim:(361).

    [16] Ebu Dawud:(203), Ibn Mäje:(477).

    [17] Muslim:(376).

    [18] Ebu Dawud:(181), Nesäi:(163), Tirmizi:(82).

    [19] Ibni Mäje:(481).

    [20] Muslim:(360).

    [21] Muslim:(224), Tirmizi:(1).

    [22] Buhary:(1614), Muslim:(1235).

    [23] Ibni Hibbän:(3836), Hakim:(1/459), Beýhaky:(5/87).

    [24] Buhary:(305), Muslim:(1211).

    [25] Mälik:(1/199), Därkutny:(1/121), Beýhaky:(1/87), Hakim:(1/395).

    [26] Buhary:(214).

    [27] Muslim:(308).

    [28] Muslim:(305).

    [29] Muslim:(306).

    [30] Muslim:(316).

    [31] Buhary:(247).