×
Bu gysgaça makala Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýminiň "Iman esaslarynyň şerhi" atly kitabyndan alnan bir parçadyr. Çünki bu makala, yslam dininiň näme maksat bilen gelenini, nämeler talap edýänini we namelerden gaýtarýanyny, beýan edýändir.

    Yslam dini näme?

    ما هو الدين الإسلامي ؟

    < التركمانية – Türkmençe - Turkmen >

    Ýazyjy: Hormatly Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin

    المؤلف: فضيلة الشيخ محمد بن صالح العثيمين

    —™

    Terjimeçi: Ebu Ibrahim Al- Merwezi

    Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen

    ترجمة: أبو إبراهيم المروزي

    مراجعة: خالد أبو أنس التركماني

    Yslam dini näme?

    Bu dini Alla tagala, pygamberimiz Muhammet-sallallahu aleýhi we sellemiň- üsti bilen iberendir. Alla tagala, öňki pygamberleriniň getiren dinlerini Yslam dini bilen soňlap, ony Öz gullary üçin kämil kyldy. Adamlary jahylýediň garaňkylygyndan çykaryp, Yslam nuruna girizmeklik bilen, öz nygmatyny tamamlady we Yslamy din edip saýlady. Takyk, bu dinden başga din, Onuň huzurynda kabul bolýan däldir.

    Alla tagala aýtdy: "Bu gün siziň diniňizi kämil kyldym, nygmatymy nogsansyz doly, bol edip berdim we siz üçin Yslamy din edip saýladym." (El-Engam:3).

    "Muhammet sizden (möminlerden) bir kişiniňem atasy däldir, belki, ol Allanyň pygamberi we pygamberleriň soňkusydyr. Alla barja zady bilýändir." (El-Ahzab:40).

    "Elbetde, Alla alnynda kabul bolýan din, diňe Yslam dinidir."(Äli-Imran:19).

    "Kim-de-kim Yslamdan özge din islese, bes, (onuň "dini" Alla alnynda) hergiz kabul edilmeýär we ol ahyretde zelel görüjilerdendir."(Äli-Imran:85).

    We Alla tagala ähli ynsanlara, şu din bilen Özüne ybadat etmekligi buýrandyr. Alla tebärek we tagala Pygamber -sallallahu aleýhi weselleme- ýüzlenip şeýle diýdi:

    "Aýdyň (Eý, Muhammet): "Eý, adamlar, elbetde, men siziň ähliňize Allanyň (iberen) ilçisidirin. Ol şeýle beýik bolup, Asman we Ýer onuň mülküdir. Ondan başga ybadata mynasyp iläh ýokdur. Ýaşaýyş hem, ölüm hem Onuň eradasy bilendir. Indi Alla we Onuň ilçisine - resulyna we Onuň sözlerine ynanýan ummiý (sowatsyz) pygambere

    iman getiriň we oňa eýeriň - hökman hidaýat taparsyňyz". (El-Agraf:158).

    Hadyslar ýygyndysy "Sahyh Muslim" kitabynda gelişi ýaly, Ebu Hureýräniň (Alla ondan razy bolsun) rowaýat etmeginde, Allanyň resuly (Muhammet) sallallahu aleýhi wesellem aýtdy: "Muhammediň jany elinde bolan (Alladan) kasam ki, şu ymmatdan biri, ýahudy bolsun ýa nasrany (hristian) bolsun, men barada eşidip, soňra hem maňa inderilen zada iman etmän ölse, onda ol kişi Dowzah eýelerinden bolar."

    Pygambere iman etmeklik diýilende: “Onuň getiren zadyny dogry saýyp we kabul edip çäklenmän, megerem, tagat-ybadat bilen oňa boýun bolmaly." Şonuň üçin hem (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň daýysy) Ebu-Talyp, onuň getiren zadyny dogry saýyp we dinleriň iň gowysydygyna şaýatlyk bereni bilen hem ol Pygamber sallallahu aleýhi weselleme iman edenlerden bolmady.

    Yslam dini: “Bu öňki dinleriň ähli getiren peýdalaryny öz içine alandyr. Şeýle-de Yslam dini ähli zamanlara, mekanlara, we ähli halklara görä, mynasyp, gabat gelmegi bilen tapawutlanýandyr. Alla tagala Öz resulyna ýüzlenip şeýle diýdi:

    "Size bolsa (eý, Muhammet), özünden öňki kitaplary tassyklaýjy we olara güwä bolan bu Kitaby (Kurany), hak-rast hasyl kyldyk." (EL-Mäide:48).

    Ähli zamanlara, mekanlara, we ähli halklara görä, mynasyp gabat gelýär, diýmegimiziň manysy: “Ýagny, bu dine eýermeklik hiç bir zamanda, hiç bir ýerde, hiç bir halka zyýan bermän, gaýta onuň peýdasynadyr. Emma käbir adamlaryň isleýşi ýaly, bu din her bir zamanyň, mekanyň we halkyň islegine görä, olara tabyndyr, manyda däldir."

    Yslam dini: Bu din hak din bolup, Alla tagala, oňa berk ýapyşan kişä ýardam berjegini, we beýlekileriň üstünden ýeňiş berjegini wada kylyp şeýle diýdi:

    "Ol (Alla) Öz pygamberini hidaýat we hak din bilen - eger müşrikler islemese-de - ähli dinlerden üstün etmek üçin iberen (ilähdyr)." (Es-Saf:9)

    Alla tagala aýtdy: "Alla siziň iman getirenleriňizi we ýagşy amal edenleriňizi edil öň geçen (iman-ygtykatlylary) (ýer ýüzünde) halypa hökmürowan edişi ýaly, olary hem ýer ýüzünde halypa etmegi we olar üçin Öz razy bolan (Yslam) dinini üstün (mäkäm) etmegi hem-de olaryň (ahwalyny) howp-hatarlaryndan soň, dynçlyk, hatyrjemlige öwürmegi wada kyldy. Olar Maňa ybadat ederler we Maňa bir zady hem şärik etmezler. Kim, ine, şu wadadan soň, küfr etse , olar etagatsyz kimselerdir." (En-Nur:55)

    Yslam dini: Bu "Akydadyr" (ynanç-ygtykatdyr) we "Şerigatdyr" (kada-kanunlardyr), we bu din öz akydasynda-da we şerigatynda-da kämildir. Çünki bu din:

    1- Alla tagalanyň ýeke täk Özüne ybadat etmeklige (töwhide) çagyrýandyr we "Şirkden" gaýtarýandyr.

    2- Dogryny ündäp, ýalandan hem gaýtarýandyr.

    3- Adalaty buýrup, zulumdan hem gaýtarýandyr.

    4- Amanady jaýyna tabşyrmagy buýrup, oňa hyýanat etmekden gaýtarýandyr.

    5- Wepaly bolmagy ündäp, dönüklik etmekligi gadagan edýändir.

    6- Ene-ata ýagşy gatnaşyp, olardan boýun gaçyrmasyzlygy buýurýandyr.

    7- Garyndaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, olar bilen arany bölmezligi tabşyrýandyr.

    8-Ýagşy goňşydaşlyk edip, onuň ýamanyndan hem gaýtarýandyr.

    Sözümizi jemläp aýdanmyzda, "Yslam dini" ähli gözel ahlaklary buýrup, we bütin ýaman gylyklardan hem gaýtarýandyr. Alla tagala aýtdy:

    "Takyk, Alla, adalata, gözel amallar etmäge we kowum-garyndaşa ýagşylyk etmäge buýurýar hem-de bozuklykdan, ýaman işlerden, ýowuzlykdan gaýtarýar. Ol (Alla tagala) hökman ybrat-görelde, ýatlamalar alarsyňyz diýip, size pent-nesihat eder." (En-Nahl:90)

    Tamamlandy.

    Hamdu-sena ýeketäk Allaha bolsun we Muhammet pygamberimize, onuň maşgalasyna we sahabalaryna köp salam we salawatlar bolsun!