×
Bu gysgaça makala Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýminiň "Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy" atly kitabyndan alnan bir parçadyr. Çünki bu makalada Alla tagala we onuň at-sypatlaryna iman etmeklik barada, Kuran we sünnetden deliller bilen jemlenendir

    Alla tagala we onuň at-sypatlaryna iman etmek

    (Şeýhiň “Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy" atly kitabyndan bir parça (

    الإيمان بالله وبأسمائه وصفاته

    (من كتاب الشيخ "عقيدة أهل السنة والجماعة)

    < تركمانية-Türkmençe >

    Ýazyjy: Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin

    المؤلف: الشيخ محمد بن صالح العثيمين

    —™

    Terjimeçi: Ebu Huzeýfa Türkmen

    Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen

    ترجمة: أبو حذيفة التركماني

    مراجعة: خالد أبو أنس التركماني

    Ähli sünnet we jemagatyň Alla tagala we onuň at-sypatlaryna ynanjy

    Biziň ynanjymyz: Alla tagala, onuň meleklerine, kitaplaryna, resullaryna, ahyret gününe, kadaryň haýryna we şerine iman getirmeklikdir.

    Alla tagalanyň rububiýet (işlik eduwjy) sypatyna iman getirýäris. Megerem, Ol Ýaradyjy we hemme zadyň Eýesi bolup, olary Dolandyryjydyr.

    Alla tagalanyň uluhiýet (ybadata hakly) sypatyna iman getirýäris. Megerem, Ol ybadata hakly ýeketäk ilähdir, we ondan başga ybadat edilýänleriň ählisi batyldyr.

    Allanyň gözel atlaryna we sypatlaryna iman getirýäris. Megerem, Ol beýik, kämil we gözel at-sypatlaryň eýesidir.

    Alla tagalanyň ýeketäkligine iman getirýäris. Megerem, Onuň rububiýasynda we uluhiýasynda we gözel at-sypatlarynda hiç şärigi ýokdyr.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱁ ﱂ ﱃ ﱄ ﱅ ﱆ ﱇ ﱈ ﱊ ﱋ ﱌ ﱍ ﱎ مريم:٦٥

    “Ol asmanlaryň, ýeriň we bularyň arasyndakylaryň Perwerdigäridir. Sen Oňa ybadat et we ybadatda sabyr et! Heý, sen Oňa deňdeş we meňzeş bolan başga birini bilýärmiň?!" diýdi. (Merýem:65).

    Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲓ ﲔ ﲕ ﲖ ﲗ ﲘ ﲙ ﲛ ﲜ ﲝ ﲞ ﲟ ﲡ ﲢ ﲣ ﲤ ﲥ ﲦ ﲧ ﲩ ﲪ ﲫ ﲬ ﲭ ﲮ ﲯ ﲱ ﲲ ﲳ ﲴ ﲵ ﲶ ﲸ ﲹ ﲺ ﲻ ﲼ ﲽ ﲾ ﲿ ﳁ ﳂ ﳃ ﳄ ﳆ ﳇ ﳈ ﳊ ﳋ ﳌ ﳍ البقرة:٢٥٥

    “Alladan özge hiç hili ybadata hakly iläh ýokdur. Ol Diridir, Kaýýumdyr (bendeleriň işini ýöredýändir). Ol uklamaz, (hatda) irkilmezem. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zat Onuňkydyr. Ondan bidin, Onuň ýanynda kim şepagat edip biler? Ol bendeleriň edýän we etjek ähli işlerini bilýändir. (Ynsanlar) Onuň ylmyndan Özüniň islän zadyndan başga hiç zadyň (hakykatyna) doly düşünip bilmezler. Onuň kürsüsi asmanlary we ýeri (doly) gurşap alandyr. Ol ikisini (asmany we ýeri) gorap saklamak Oňa kyn däldir. Ol (Alla) Beýikdir, Belentdir" (Bakara:255).

    Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲍ ﲎ ﲏ ﲐ ﲑ ﲒ ﲓ ﲕ ﲖ ﲗ ﲙ ﲚ ﲛ ﲜ ﲝ ﲞ ﲟ ﲠ ﲡ ﲢ ﲣ ﲤ ﲥ ﲦ ﲧ ﲨ ﲩ ﲪ ﲫ ﲭ ﲮ ﲯ ﲰ ﲱ ﲲ ﲳ ﲴ ﲵ ﲶ ﲸ ﲹ ﲺ ﲼ ﲽ ﲾ ﲿ ﳀ ﳁ ﳃ ﳄ ﳅ ﳆ الحشر: ٢٢ – ٢٤

    “Ol Alladan özge hiç hili ybadata hakly iläh ýokdur. Ol görülýän we görülmeýän (ähli) zady bilýändir. Ol Rahmandyr (Mähribandyr), Rahymdyr (Rehim-şepagatlydyr). Ol Alladan özge hiç hili ybadata hakly iläh ýokdur. Ol Melikdir (Hökümdardyr), Kuddusdyr (Kemçiliklerden päkdir), Salamdyr (Salamatlyga ýetirýändir), Mömindir (Amanlyga ýetirýändir), Muheýmindir (Seredip duran gözegçidir), Ezizdir (Gudraty güýçlüdir), Jepbardyr (Güýç ulanyjydyr), Mutekebbirdir (Beýiklikde deňi-taýy ýokdur). Alla özüne şärik goşýanlaryň aýdýan zatlaryndan päkdir (hem-de beýikdir). Ol Alla Halykdyr (Ýaradyjydyr), Barydyr (Ýokdan bar edijidir), Musawwyrdyr (Şekil-surat berijidir). Ähli gözel atlar Onuňkydyr. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Ony tesbih eder. Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir" (Haşyr:22-24).

    Asmandaky we ýerdäki hemme zat, Alla tagalanyň mülkidigine iman getirýäris:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲧ ﲨ ﲩ ﲪ ﲬ ﲭ ﲮ ﲰ ﲱ ﲲ ﲳ ﲴ ﲵ ﲶ ﲷ ﲸ ﲹ ﲺ ﲻ ﲼ ﲾ ﲿ ﳀ ﳁ ﳃ ﳄ ﳅ ﳆ الشورى: ٤٩ – ٥٠

    “Asmanlar we ýer Allanyň gol astyndadyr. Ol islän zadyny bar eder, islänine gyz perzent, islänine bolsa ogul perzent miýesser eder. Ýa-da olary gyz we erkek perzent edip ýaratmak bilen jübüt-jübüt eder (hem gyz hem oglan çaga berer). Islänini bolsa nesilsiz (önelgesiz) goýar. Takyk, Ol (ähli zady) bilýändir, (ähli zada) güýji ýetýändir" (Şura:49,50).

    Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱁ ﱂ ﱃ ﱅ ﱆ ﱇ ﱈ ﱉ ﱊ ﱋ ﱌ ﱍ ﱎ ﱐ ﱑ ﱒ ﱔ ﱕ ﱖ ﱗ ﱘ ﱙ ﱚ ﱛ ﱝ ﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱣ ﱤ ﱥ ﱦ ﱧ الشورى: ١١ - ١٢

    “Onuň (Allanyň) hiç hili meňzeşi ýokdur. Ol (ähli zady) eşidýändir (we) görýändir. Asmanlaryň we ýeriň açarlary Onuň (elindedir). Ol isläniniň rysgalyny köp etse, isläniniň rysgalyny az eder. Elbetde, Ol her bir zady bilýändir)" (Şura:11,12.)

    Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱁ ﱂ ﱃ ﱄ ﱅ ﱆ ﱇ ﱈ ﱉ ﱊ ﱋ ﱌ ﱍﱎ ﱏ ﱐ ﱑ ﱒ ﱓ هود: ٦

    “Ýer ýüzünde hereket edýän bir zat bar bolsa, onuň rysgalyny Alla berýändir. (Alla) onuň (bu dünýädäki) mesgenini-de, (ölenden soňky) amanat ediljek ýerini-de bilýändir. (Bularyň) ählisi anyk kitapda (Lowhy-mahfuzda) ýazylandyr" (Hud:6).

    Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲹ ﲺ ﲻ ﲼ ﲽ ﲾ ﲿ ﳁ ﳂ ﳃ ﳄ ﳅ ﳇ ﳈ ﳉ ﳊ ﳋ ﳌ ﳍ ﳎ ﳏ ﳐ ﳑ ﳒ ﳓ ﳔ ﳕ ﳖ ﳗ ﳘ ﳙ ﳚ الأنعام: ٥٩

    “Gaýyp (älemiň) açarlary Ondadyr (Allahdadyr). Olary (bir) Özünden başga hiç kim bilmez. Ol gury ýerdäki we deňizlerdäki (ähli zady) bilýändir. Ol ýere gaçan (her) bir ýapragy hem bilýändir. (Ol) ýeriň tümlüklerinde ýatan bir dänäni, öl bolsun, gury bolsun (tapawudy ýok, näme bar bolsa) bilýändir. Olaryň hemmesi (Lowhy-mahfuzda) äşgär kitapda (ýazylandyr)" (Engam:59).

    Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲻ ﲼ ﲽ ﲾ ﲿ ﳀ ﳁ ﳂ ﳃ ﳄ ﳅ ﳇ ﳈ ﳉ ﳊ ﳋ ﳌ ﳎ ﳏ ﳐ ﳑ ﳒ ﳓ ﳕ ﳖ ﳗ ﳘ ﳙ لقمان: ٣٤

    “Elbetde, kyýamatyň haçan gopjakdygy hakdaky maglumat diňe Allahdadyr. Ol ýagşy ýagdyrýar we enäniň göwresindäkini bilýär. Hiç kim ertir näme gazanjagyny bilmez we hiç kim nirede öljekdigini hem bilmez. Takyk, Alla (ähli zady) bilýändir, (ähli zatdan) habardardyr)" (Lukman:34).

    Alla tagala näme islese, haçan islese, nähili halatda islese, gürleýändigine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala, şu aşakdaky aýatlarda şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱩ ﱪ ﱫ ﱬ ﱭ النساء: ١٦٤

    “Alla Musa bilen sözleşip gepleşdi" (Nisa:164).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲞ ﲟ ﲠ ﲡ ﲢ ﲣ الأعراف: ١٤٣

    “Haçanda Musa bellän ýerimize gelende‚ Perwerdigäri onuň bilen sözleşip gepleşdi" (Agraf:143).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱁ ﱂ ﱃ ﱄ ﱅ ﱆ ﱇ ﱈ مريم: ٥٢

    “Biz oňa Tur (dagynyň) sag tarapyndan seslendik we ony syrdaş derejesinde Özümize ýakynlaşdyrdyk" (Merýem:52).

    Alla tagala, özüni şu aýatlarda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﳀ ﳁ ﳂ ﳃ ﳄ ﳅ ﳆ ﳇ ﳈ ﳉ ﳊ ﳋ ﳌ ﳍ الكهف: ١٠٩

    «Eger-de deňiz Perwerdigärimiň sözlerini (ýazmak üçin) syýa bolan bolsa, onda Perwerdigärimiň sözleri gutarmazyndan öň, deňiz gutarar" (Kehf:109).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﳂ ﳃ ﳄ ﳅ ﳆ ﳇ ﳈ ﳉ ﳊ ﳋ ﳌ ﳍ ﳎ ﳏ ﳐ ﳑ ﳒ ﳔ ﳕ ﳖ ﳗ ﳘ لقمان: ٢٧

    «Eger ýer ýüzündäki ähli agaçlar galam bolsa we deňiz, onuň yzyndan ýene ýedi deňiz goşulyp (syýa bolup) gelse-de, Allanyň sözleri (ylmy, hökümleri) gutarmaz. Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir" (Lukman:27).

    Alla tagalanyň sözleri, aýdyň-kämil sözlerden bolup, habarlarynda dogruçyl, hökümlerinde adylly, gepleşiginde paýhaslydygyna iman getirýäris.

    Alla tagala aşakdaky aýatlarda şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲚ ﲛ ﲜ ﲝ ﲞ الأنعام: ١١٥

    “Seniň Perwerdigäriň sözi dogrulyk we adalat taýdan kämildir" (Engam:115).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱏ ﱐ ﱑ ﱒ ﱓ ﱔ النساء: ٨٧

    “Alladan özge has dogry sözli kim bolup biler?!". (Nisä:87).

    Kurany Kerim hakykatdanda Allanyň gürlän sözüdigine, we ony birinji Jebraýyl –aleýhisseläme- aýdandygyna we soňra Jebraýyl Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemiň- kalbyna wahy edip düşürendigine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲼ ﲽ ﲾ ﲿ ﳀ ﳁ ﳂ ﳃ ﳄ ﳅ ﳆ ﳇ ﳈ ﳉ النحل: ١٠٢

    (Eý, Muhammet!) Aýt: «Ony (Kurany) Perwerdigäriň tarapyndan Ruhul-Kudus (Jebraýyl) iman getiren kişileriň (imanyny) berkitmek, musulmanlara dogry ýoly görkezmek hem-de buşluk bolmagy üçin hak (ýol) bilen inderdi»" (Nahl:102).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲃ ﲄ ﲅ ﲆ ﲇ ﲈ ﲉ ﲊ ﲋ ﲌ ﲍ ﲎ ﲏ ﲐ ﲑ ﲒ ﲓ ﲔ ﲕ ﲖ الشعراء: ١٩٢ - ١٩٥

    “Takyk, bu hem (Kuran) älemleriň Perwerdigäriniň inderenidir. Ony Ruhul-emin (Jebraýyl) getirendir. Ony seniň kalbyňa duýduryjylardan (pygamberlerden) bolmagyň üçin äşgär bolan arap dilinde inderendir" (Şugara:192-195).

    Gudratly, Beýik Alla tagala, bütin mahluklaryndan, özi we sypatlary bilen beýikdedir.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡ ﱘ ﱙ ﱚ ﱛ الشورى: ٤

    “Ol Beýikdir, Belentdir" (Şura:4).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﳑ ﳒ ﳓ ﳔ ﳖ ﳗ ﳘ ﳙ الأنعام: ١٨

    “Ol bendelerine (höküm etmekde) ähli ygtyýara we güýje eýedir. Ol hikmet eýesidir, (ähli zatdan) habardardyr" (Engam:18).

    Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱤ ﱥ ﱦ ﱧ ﱨ ﱩ ﱪ ﱫ ﱬ ﱭ ﱮ ﱯ ﱰ ﱱ ﱳ ﱴ يونس: ٣

    “Ol asmanlary we ýeri alty günde ýaratdy. Soň (özüne mahsus görnüşde) arşa istiwa etdi. (Hökmürowanlyk bilen ol älemi dolandyrýandyr" (Ýunus:3).

    We arşa istiwa etmekligi, onuň üstünde özi bilen beýikde bolmaklygy diňe oňa laýykdyr we onuň nähili haldadygyny özünden başga bilýän ýokdyr.

    Alla tagalanyň, özi arşynyň üstünde bolup, ylmy bilen gullarynyň hallaryny bilýändigine, sözlerini eşidýändigine, amallaryny görýändigine, işlerini ýöredýändigine, garybyny ryzyklap we ejizini beketýändigine iman edýäris. Mülki islänine berer, isläninden mülki alar, islänini beýik eder, islänini har-zelil eder we bütin haýrlar onuň elindedir. Onuň ähli zada güýji ýetýändigine iman getirýäris. Bu sypatlaryň eýesi Alla tagala, hakykatdan-da arşynyň üstünde bolsada, Ol ylmy bilen, gullary bilýändir.

    ﭧﭐﭨﭐﱡ ﱐ ﱑ ﱒ ﱔ ﱕ ﱖ ﱗ الشورى: ١١

    “Onuň (Allanyň) hiç hili meňzeşi ýokdur. Ol (ähli zady) eşidýändir (we) görýändir" (Şura:11).

    Jehmi fyrkasynyň bir taýpasy bolan Hluliýýa taýpasy we başgalary şeýle diýdiler: “Alla tagala gullary bilen bilelikde bir ýerdedir". Biz bu fyrkanyň diýenini diýýän däldiris.

    Kim şol pikiri göterýän bolsa, onda ony käfir ýa-da ýoldan azaşanlardan diýip, hasaba alýandyrys. Sebäbi ol Alla tagalany mynasyp bolmadyk, kemlik sypat bilen sypatlandyrandyr.

    Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemiň- habar bermeginde, çünki Alla tagala her gijäniň soňky üçünji böleginde, dünýä gatlagyndaky asmana düşýändigine iman getirýäris.

    Şonda Alla tagala aýdar:

    “Kim meni çagyrýar, men oňa jogap bereýin, kim menden hajatyny soraýar, men onuň hajatyny bitireýin, kim menden magfiret etmegimi (günäsini geçmegimi) soraýar, men oňa magfiret edeýin".

    Alla tagala kyýamat gününde, gullaryny aýyl-saýyl etmeklik üçin gelýändigine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﳆ ﳇ ﳈ ﳉ ﳊ ﳋ ﳌ ﳍ ﳎ ﳏ ﳐ ﳑ ﱁ ﱂ ﱃ ﱅ ﱆ ﱇ ﱈ ﱉ ﱊ ﱋ الفجر: ٢١ - ٢٣

    “Ýok! (Siziň bu edýän işiňiz düýbünden ýalňyş). Dünýä sarsyp, bölek-bölek bolan wagty! Perwerdigäriň gelende, perişdeleriň hatar-hatar düzülen wagty! Dowzah getirilen wagty, ynsan diňe şol gün (ýalňyşyna) düşüner. Emma (ol gün) akyl ýetireniniň peýdasy ýokdur" (Fejr:21-23).

    Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲰ ﲱ ﲲ ﲳ البروج: ١٦

    “Ol islän zadyny amala aşyr‎ýandyr" (Buruç:16).

    Alla tagalanyň islegi (iradasy) ikä bölünýändigine iman getirýäris:

    Birinjisi: Ähli-umumylyk (kewni) islegi, Allanyň bu bölümdäki islegi amala aşýandyr, her bir amala aşyran zadyny, ony söýenligine delalat edýän däldir, we muny “meşiýe" (isleg) manysynda hasaba alynandyr, edil Alla tagalanyň aýdyşy ýaly:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ البقرة: ٢٥٣

    “Eger Alla islesedi, olar söweşmezdiler. Emma Alla islän zadyny amala aşyrýandyr" (Bakara:253).

    Ikinjisi: “Şerigatlanan (şergy) islegi, Allanyň bu bölümdäki isleginiň amala aşmaklygy şert däldir, ýöne bu bölümdäki amala aşyran her bir islegini, söýenligine delalat edýändir, edil Alla tagalanyň aýdyşy ýaly:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ النساء: ٢٧

    “Alla siziň tobaňyzy kabul etmek isleýär" (Nisa:27).

    Alla tagalanyň kewni we şergy isleginiň, Onuň hikmetine baglydygyna iman getirýäris. Çünki her bir kewni taýdan amala aşan zady ýa-da ýaradylanlaryň şergy taýdan ybadat etmekleri, Onuň hikmetine baglydyr. Egerde biz şol hikmeti ylymymyza görä bilsek-de, akylymyza görä alyp başarmasak-da, oňa oman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ التين: ٨

    “Alla höküm ýöredijileriň iň rüstemi dälmi eýsem?" (Tin:8).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ المائدة: ٥٠

    (Allanyň adalatly hökümine) anyk göz ýetiren kowum üçin, Alladan has gowy höküm berjek kim bar?!". (Mäide:50).

    Alla tagala welilerini söýýändigine we olar hem Allasyny söýýändigine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şu aşakdaky aýatlarda şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ آل عمران: ٣١

    (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger Allany söýýän bolsaňyz, maňa tabyn boluň! (Şonda) Alla hem sizi söýer" (Äli-Ymran:31).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ المائدة: ٥٤

    “Özüniň (Allanyň) söýýän, olaryň hem Ony (Allany) söýýän, kowmyny (milletini) getirer" (Mäide:54).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ آل عمران: ١٤٦

    “Alla sabyr edenleri halaýandyr" (Äli-Ymran:146).

    ﭧﭐﭨﭐﱡ ﲤﲥ الحجرات: ٩

    “Adalatly boluň! Takyk, Alla adalatly bolanlary söýýändir" (Hujurat:9).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ البقرة: ١٩٥

    “Haýr-sahawat ediň! Takyk, Alla haýr-sahawat edýänleri halaýandyr" (Bakara:195).

    Alla tagala din edip goýan, amallardan we sözlerden razydyr, we şolardan gaýtarlan zatlary hem, ýigrenýändigine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ الزمر: ٧

    “Eger inkär etseňiz, takyk, Allanyň size mätäçligi ýokdur! Şeýle-de bolsa, Ol bendeleriniň kapyr bolmagyna razy däldir. Eger şükür etseňiz, (peýdaňyz) üçin oňa (şükranalagyňyza) razy bolar!" (Zümer:7).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ التوبة:٤٦

    “Emma Alla çykmaklaryny islemän, olary halaman saklady we olara: "Galanlar (ýagny, aýallar, ýaş çagalar we ejiz natuwan kişiler) bilen bile oturyberiň" diýildi" (Toba:46).

    Alla tagala, oňa iman edip, salyh amal eden gullaryndan razydygyna iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ البينة: ٨

    “Alla olardan, olar hem Alladan razy bolandyr. Ine, bu (razyçylyk mertebesi) Perwerdigärden gorkan takwalaryňkydyr" (Beýýine:8).

    Alla tagala gazaba hakly bolan käfirlere we şolar ýalylara gazap edýändigine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ الفتح: ٦

    “Alla hakynda ýaman güman etdiler, erbetlik belasy olaryň üstüne bolsun! Alla olara gazaplandy" (Feth:6).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱿ النحل: ١٠٦

    “Emma kim köňlüni (ýüregini) kapyrlyga açsa, olaryň üstüne Alladan gazap (iner). Olar üçin uly azap bardyr" (Nahl:106).

    Alla tagalanyň beýik, keremli wasp edilen ýüziniň bardygyna iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ الرحمن: ٢٧

    “Beýiklik we kerem sahyby bolan Perwerdigäriň ýüzi baky-ebedi galar" (Rahman:27).

    Alla tagalanyň beýik, keremli bolan iki eliniň bardygyna iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲿ المائدة: ٦٤

    “Ýok! (Tersine), Onuň (Allanyň) iki eli hem açykdyr, Ol islänine (isleýşi ýaly) berer" (Mäide:64).

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲿ الزمر: ٦٧

    “Olar (Alla şärik goşanlar) Allany doly manyda tanap bilmediler. Kyýamat gününde ýer dolulygyna Onuň gysymynda bolar. Asmanlar hem Onuň sag elinde düýrlener. (Alla) şärik goşýan zatlaryndan päkdir, beýikdir" (Zümer:67).

    Alla tagalanyň hakykatdan-da iki gözüniň bardygygyna iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ هود: ٣٧

    “Biziň gözümiziň alnynda we wahymyza görä gämi ýasa" (Hud:37).

    Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem aýtdy: “Örtgisi nurdan, eger ony açaýsa, ýüziniň nury, gözüniň ýeten ýerini ýakyp taşlar".

    Ähli sünnet we jemagatyň bir agyzdan ylalaşmaklygynda, elbetde Alla tagalanyň gözleri iki gözden ybaratdyr we bu ýerde Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellemiň- dejjal barada aýdan sözi delil bolýar:

    “Çünki ol (dejjal) bir gözlidir, we elbetde Perwerdigäriňiz bir gözli däldir".

    Alla tagala, özüni şu aýatda sypatlandyryşy ýalydygyna iman getirýäris.

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ الأنعام: ١٠٣

    “Gözler (bu dünýäde) Ony görüp bilmez. Emma Ol ähli gözleri görýändir. Ol (ähli zadyň) inçe syrlaryny (hem) bilýändir, (ähli zatdan) habardardyr" (Engam:103).

    Mü'minleriň kyýamat güni Perwerdigärlerini görjeklerine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ القيامة: ٢٢ - ٢٣

    “Ol gün ýalpyldap duran (nurly) ýüzler (çyn möminleriň ýüzleri) bolar. Ol (ýüzler) özleriniň Perwerdigärine serederler" (Kyýamat:22,23).

    Alla tagala, sypatlarynda kämil bolanlygy üçin, Onuň meňzeşi ýokdygyna iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ الشورى: ١١

    “Onuň (Allanyň) hiç hili meňzeşi ýokdur. Ol (ähli zady) eşidýändir (we) görýändir" (Şura:11).

    Alla tagalanyň, Haý we Kaýýum sypatlarynyň kämil bolmagy sebäpli, uklamajagyna we ukusy gelmejegine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ البقرة: ٢٥٥

    “Ol uklamaz we (hatda) irkilmezem" (Bakara:255).

    Munuň sebäbi, Onuň kämil diriligi we ebedi durujylygy sebäplidir.

    Alla tagalanyň kämil adyllygy sebäpli, hiç bir adama zulum etmeýänligine iman getirýäris.

    Onuň kämil dolandyryjylygy we doly gurşap almaklygy sebäpli, öz gullarynyň amallaryndan bihabar däldigine iman getirýäris.

    Kämil ylmy we gudratlylygy sebäpli, asmanlardaky we ýerdäki haýsam bolsa bir zat, Alla tagala agram berip bilmejekligine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲿ يس: ٨٢

    “Ol bir zady (ýaratmak) islän wagty Onuň işi oňa diňe «Bol!» diýmekdir. Ol (zat) dessine (peýda) bolar" (Ýäsin:82).

    Güýç we kuwwatynyň kämilligi sebäpli, Alla tagala ýadawlyk we ysgynsyzlyk ýolukyp bilmejekligine iman getirýäris.

    Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ق: ٣٨

    “Kasam bolsun! Biz asmanlary, ýeri we bu ikisiniň arasyndaky (ähli) zatlary alty günde ýaratdyk. Bize (hiç hili) ýadawlyk degen däldir" (Kaf:38). ýagny, ýadawlyk we ysgynsyzlyk.

    Biz Alla tagalanyň özüni sypatlandyrýan we Onuň resulynyň sypatlandyrýan, ähli gözel at-sypatlaryny tassyklaýarys we iman getirýäris, ýöne biz iki sany uly gorkuly zatdan daşdadyrys.

    Onuň birinjisi: Şekillendirmek. Mysal üçin, ýüregi ýa-da dili bilen: “Alla tagalanyň sypatlary, ýaradylan zatlaryň sypatlary ýalydyr" diýmekligidir.

    Ikinjisi bolsa: Meňzeşdirmeklik. Mysal üçin, ýüregi ýa-da dili bilen: “Alla tagalanyň sypatlary şuňa we şuňa meňzeşdir" diýmekligidir.

    Alla tagalanyň özünden, her bir gaýtaran zadyny, ýa-da Onuň resulynyň -sallallahu aleýhi we sellemiň- Ondan gaýtaranyny, gaýtarýanlygymyza iman getirýäris. Çünki ol gaýtarmaklyk, kämil tersini tassyklaýanlygyny öz içine alýar. Alla tagalanyň we Onuň resulynyň gep açmadyk zadyna, gep açmaýarys.

    We çünki bu ýoldan ýöremeklik, hökman parz bolup durandygyny görýäris we munuň sebäbi, çünki Allanyň özüne tassyklan zady, ýa-da kemçilikden päk halynda, özünden gaýtaran zady, Allanyň özünden habar beren habarydyr. Ol öz-özi barada iň gowy biluwjydyr. aýdanda has dogruçyl, sözleşende has gowusy, ýaradylanlaryň ylmy bolsa, Ony doly bilmeklige ýetmez.

    We Onuň resulynyň, Oňa tassyk eden zady ýa-da Ondan gaýtaran zady, onuň Alladan habar beren habarydyr. Ol Perwerdigärini adamlaryň içinden iň gowy bilijidir, ýaradylanlaryň has haýrlysydyr, olaryň has dogryçylydyr we olaryň içinden iň gowy dile çeperidir.

    Ylmyň, dogryçyllygyň we açyklamagyň kämilligi diňe Alla tagalanyň we Onuň resuly -sallallahu sleýhi we sellemiň- sözündedir. Kim ony terk etse ýa-da kabul etmekde nä-guman bolsa, oňa hiç-hili uzr ýokdur.

    Bölüm

    Her bir agzap geçen, Alla tagalanyň sypatlaryny, giňişleýin ýa-da gysga görnüşde, tassyklanan ýa-da inkär edilen görnüşde bolsun, çünki biz bularda Perwerdigärimiziň kitabyna we Pygamberimiziň sünnetine daýanýandyrys we-de geçenki selef ymmatynyň we hidäýetde bolan soňky ymamlaryň ýörän ýolundan barýandyrys.

    Kuran we sünnetde gelen her bir ýazgylary, göni manysynda we hakykatdanda beýik Alla tagala laýyk bolan halda, kabul etmelidigini wäjip görýäris.

    Her bir gelen ýazgylary, Alla tagalanyň we Onuň resulynyň islemedik zatlaryna çekip, manylaryny üýtgedýänleriň ýollaryndan daşdadyrys.

    Ýene-de şol ýazgylary, Alla tagalanyň we Onuň resulynyň islän we dogry delalat edýän manylaryny düýbünden taşlaýanlaryň ýolundan hem daşdadyrys.

    We-de şol ýazgylary, çenden aşa geçirip, şekillendirmek derejesine ýetirenlerden, ýa-da delalatynda özlerine agram salyp meňzeşdirmeklige ertenleriň ýolundan hem daşdadyrys.

    Alla tagalanyň kitabynda ýa-da Pygamberi -sallallahu aleýhi we sellemiň- sünnetinde her bir gelen zat hakdyr! Olar bir-birine gapma-garşy gelýän däldigini, doly ylymly bilýändiris.

    We şuňa bagly, Alla tagala şeýle diýýär:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱫ ﱬ ﱭ ﱯ ﱰ ﱱ ﱲ ﱳ ﱴ ﱵ ﱶ ﱷ ﱸ ﱹ النساء: ٨٢

    “Siz (henizem) Kuran hakda doly pikirlenjek dälmisiňiz? Eger ol (Kuran) Alladan başgasyndan gelen bolsady, elbetde, içinde birnäçe gapma-garşy pikirleri tapardylar" (Nisa:82).

    Çünki habar berilen zatlarda gapma-garyşygyň bolmaklygy, olaryň haýsyda bolsa biriniň ýalanlygyny aňladýar. Çünki bu Alla tagalanyň we Onuň resuly -sallallahu aleýhi we sellemiň- habarlarynda bolmaklygy mümkin däldir.

    Kim Alla tagalanyň kitabynda ýa-da Onuň resuly -sallallahu aleýhi we sellemiň- sünnetinde ýa-da olaryň ikisiniň arasynda, gapma-garşy gelýän zat bar diýip pikir etse, bu onuň erbet maksatlydygyny we ýüreginiň batyla ýykgynlygynyň bardygyny aňladýar. Bular ýaly ýagdaýda, onuň Alla tagala toba etmekligi we içki pisliginden dynmaklygy gerekdir.

    Kim Alla tagalanyň kitabynda ýa-da Onuň resuly -sallallahu aleýhi we sellemiň- sünnetinde ýa-da olaryň ikisiniň arasynda gapma-garşylyk bar diýip pikir etse, onda onuň ýa-ha ylmynyň az bolanlygy ýa-da düşünjesiniň pesligi ýa-da pikir edişliginiň pesligi sebäplidir. Bular ýaly halda, onuň ylym gözlegini etmekligi we onda hak doly beýan bolýança, pikirlenmekde uly güýç sarp etmekligi gerekdir. Egerde şol halatda-da oňa hak beýan bolmasa, onda ol meseläni alyma tabşyryp, erbet pikirini taşlap, edil ylymda öňe gidenleriň aýdyşy ýaly, aýtmaklygy gerekdir:

    ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲭ ﲮ ﲯ ﲰ ﲱ ﲲ آل عمران: ٧

    “Biz oňa bolşy ýaly ynandyk. Hemmesi-de Perwerdigärimizden gelendir", (Äli-Ymran:7).

    We ýene-de bilmeli zat, çünki Kuranda we Sünnetde we olaryň arasynda hiç bir düşünişmezlik we gapma-garşy gelýän zat ýokdyr.

    ***