Ahyret gününe iman etmek
Makalanyň terjimeleri
Döredijilikler
Çeşmeler
Full Description
Ahyret gününe iman etmek
الإيمان باليوم الآخر
< التركمانية – Türkmençe- Turkmen >
Ýazyjy: Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin
المؤلف: الشيخ محمد بن صالح العثيمين
Terjimeçi: Ebu Huzeýfa Türkmen
Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen
ترجمة: أبو حذيفة التركماني
مراجعة: خالد أبو أنس التركماني
Ahyret gününe iman etmek
Ynsanlar Alla tagalanyň huzurynda hasaba alynmaklary üçin direldilip, jennete ýa-da dowzaha girjekdirler. Ol günden soňra, başga bir gün bolmajakdygyna we kyýamat güni diýip bilinen ahyret gününe iman getirýäris.
Ysrafyl –aleýhissalamyň- ikinji gezek surnaýa üflemeginiň esasynda, Alla tagala hasabat almak üçin, ähli ölüleri direltjekdigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱁ ﱂ ﱃ ﱄ ﱅ ﱆ ﱇ ﱈ ﱉ ﱊ ﱋ ﱌ ﱍ ﱎﱏ ﱐ ﱑ ﱒ ﱓ ﱔ ﱕ ﱖ ﱗ ﱘ ﱠ الزمر: ٦٨
“(Kyýamat güni) sura üflenilen wagty Allanyň (diri galmagyny) islän kişisinden başga, asmanlarda we ýerde kim bar bolsa, güýçli urga sezewar bolup, jan berer. Soň sura ýene-de bir gezek üflenen wagty olar ör-boýuna galyp (dumly-duşa) seredişip durarlar" (Zümer:68).
Ynsanler gabyrlaryndan eşiksiz, aýaklary ýalaňaç, sünnetlenmedik, edil eneden täze doglan ýaly, älemleriň Robbynyň öňünde hasabata alynjakdyrlar.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ﱣﱤ ﱥ ﱦﱧ ﱨ ﱩ ﱪ ﱫ ﱠ الأنبياء: ١٠٤
“.... ilkinji ýaradanymyzdaky ýaly, öňki ýagdaýyna (täze dogan çaga ýaly edip) getireris. Bu (Biziň) Öz üstümize alan wadamyzdyr. Takyk, biz ony ýerine ýetireris" (Enbiýa:104).
Amal depderçesi, ynsanlaryň sag tarapyndan ýa-da arka tarapyndan beriljekdigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱱ ﱲ ﱳ ﱴ ﱵ ﱶ ﱷ ﱸ ﱹ ﱺ ﱻ ﱼ ﱽ ﱾ ﱿ ﲀ ﲁ ﲂ ﲃ ﲄ ﲅ ﲆ ﲇ ﲈ ﲉ ﲊ ﲋ ﲌ ﲍ ﲎ ﱠ الانشقاق: ٧ - ١٢
“Kyýamat güni (hasap depderi) sag eline berlen kişiniň hasaby aňsat bolar. Maşgalasyna şadyýanlyk içinde gaýdyp geler. Kitaby (hasap depderi) yzyndan (çep eline) berlen kişi bolsa, ýok bolmagy arzuw eder. Ol (dowzahda) alawly oda girer" (Inşikak:7-12).
Başga bir aýatda bolsa şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲎ ﲏ ﲐ ﲑ ﲒ ﲓﲔ ﲕ ﲖ ﲗ ﲘ ﲙ ﲚ ﲛ ﲜ ﲝ ﲞ ﲟ ﲠ ﲡ ﲢ ﲣ ﲤ ﱠ الإسراء: ١٣ - ١٤
“Biz her ynsanyň guşuny (amalyny) öz boýnuna bagladyk. Kyýamat güni onuň üçin (eden işleri öňünde) açylyp goýuljak bir kitap çykararys. (Oňa): «Kitabyňy oka! Bu gün hasaba çekiji hökmünde özüň özüň üçin ýeterlikdir!» (diýler)" (Isra:13,14).
Amallaryň kyýamat gününde, terezilerde çekiljekdigine we hiç kime zulum edilmejekdigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲓ ﲔ ﲕ ﲖ ﲗ ﲘ ﲙ ﲚ ﲛ ﲜ ﲝ ﲞ ﲟ ﲠ ﱠ الزلزلة: ٧ - ٨
“Kim zerre mukdarynda haýyr eden bolsa, onuň (peýdasyny) görer. Kim hem zerre mukdarynda şer (günä) iş eden bolsa, onuň (zyýanyny) görer" (Zilzäl:7,8).
Başga bir aýatda bolsa şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﳀ ﳁ ﳂ ﳃ ﳄ ﳅ ﳆ ﳇ ﳈ ﳉ ﳊ ﳋ ﳌ ﳍ ﳎ ﳏ ﳐ ﳑ ﳒ ﳓ ﳔ ﳕ ﳖ ﳗ ﳘ ﱠ المؤمنون: ١٠٢ - ١٠٤
“Her kimiň (amal) terezisi (sogaby) agyr gelse, şol halas bolar. Terezileri (sogaplary) ýeňil gelenler bolsa öz janlaryny ýitgä sezewar edenlerdir. Olar dowzahda ebedi galarlar. Ot olaryň ýüzlerini gowrar we olar şol ýerde (dodak etleri-de ýananlygy sebäpli) syrtaryp galarlar" (Mu'minun:102-104).
Ýene bir başga aýatda şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱾ ﱿ ﲀ ﲁ ﲂ ﲃﲄ ﲅ ﲆ ﲇ ﲈ ﲉ ﲊ ﲋ ﲌ ﲍ ﲎ ﲏ ﱠ الأنعام: ١٦٠
“Kim (Allanyň ýanyna) haýyr iş bilen gelse‚ oňa (eden işiniň) on essesi bardyr. Kim erbetlik bilen gelse‚ diňe eden erbetligine barabar jeza görer. Olara (hiç hili) nähaklyk edilmez" (Angam:160).
Allanyň Resuly –sallallahu aleýhi we sellemiň- özüne hususy bolan, beýik şepagatyna iman getirýäris. Ynsanlar kyýamat gününde çydap bolmajak derejede, uly bir gysylşykda we ezýet çekýän hallarynda, olar özlerine şepagat edilmegi üçin, pygamberleriň başy bolan Adama, soňra Nuha, soňra Ybraýyma, soňra Musa, soňra Isa, we iň soňynda Muhammede gelýärler. - Olaryň hemmesine Allanyň salam we salawaty bolsun-.
Pygamberimiz Muhammet –sallallahu aleýhi we sellem- bilen beýleki pygamberler we melekler, dowzaha giren mu'minlere –Allanyň rugsady bilen- şepagat edip, olary dowzahdan çykarjakdyklaryna iman getirýäris.
We ýene-de Alla tagala mu'minleriň bir toparyny, şepagatsyz, fazly we rehmeti bilen dowzahdan çykarjakdygyna iman getirýäris.
Allanyň Resuly –sallallahu aleýhi we sellemiň- howuzynyň bardygyna we reňkiniň aklygy, süýtden-de beter akdygyna, tagamynyň süýjüligi, baldan-da beter süýjüdigine, ysynyň gözelligi, misikden-de gözeldigine, ininiň we boýunyň uzynlygy bir aýlyk ýoldygyna, içilýän gaplary asmandaky ýyldyzlaryň owadanlygy ýalydygyna we köpdigine, ondan ymmatynyň diňe mynasyp mu'minleri içjekdigine we ondan bir sapar içeniň hiç-haçan suwsamajakdygyna iman getirýäris.
Kyýamat güni jähennemiň üstünde guruljak syrat köprüsine iman getirýäris. Ynsanlar syrat köprüsiniň üstünden amallaryna görä geçjekdirler. Birinji bilen geçjek topar edil ýyldyrym ýaly, ikinji topar bolsa edil şemal ýaly, üçinji topar edil guşlar ýaly, soňky toparlar bolsa sagdyn adamlar ýaly syratdan geçjekdirler.
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- syrat köprüsiniň üstünde durup, şeýle diýjekdir: “Eý, Robbym! Salamat et, salamat et".
Agzalan toparlar geçip bolandan soň, süýrenip başga bir topar geljekdir. Syrat köprüsiniň her iki tarapynda çeňňekler gurulandyr. Çünki çeňňekler tutmaklygy emir edilenleri tutup, jähenneme oklajakdyrlar we ondan halas bolanlar, utuş gazanjakdyrlar.
Kuran we sünnetde kyýamat güni barada we onda boljak aýylgançlyklar barada gelen hemme habarlara iman getirýäris. Alla tagala ol günüň aýylgançlygyndan bizi salamat saklamagyny soraýarys. (Ämin)
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- jennet eýelerine, jennete girmekleri üçin, şepagat etjekdigine we bu şepagata diňe Oňa rugsat beriljekdigine iman getirýäris.
Jennetiň we jähennemiň bardygyna iman getirýäris. Jennet, Alladan gorkan mu'minler üçin taýýarlanan ýerdir. Ol ýerde, hiç bir gözüň görmedik, hiç bir gulagyň eşitmedik we hiç bir kişiň aklyna gelmedik, nygmatlar bardyr.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲒ ﲓ ﲔ ﲕ ﲖ ﲗ ﲘ ﲙ ﲚ ﲛ ﲜ ﲝ ﲞ ﲟ ﱠ السجدة: ١٧
“Hiç kim olaryň eden ýagşy işlerini sylaglamak üçin (jennetde) gözleri nurlandyrjak niçeme nygmatlaryň gizlenendigini bilýän däldir" (Sežde:17).
Jähennem bolsa, Alla tagalanyň zalym kapyrlara, azap bermek üçin, taýýarlan ýeridir. Olara-da akylyň ýetmejek derejesinde azap beriljekdigine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱮ ﱯ ﱰ ﱱ ﱲ ﱳ ﱴﱵ ﱶ ﱷ ﱸ ﱹ ﱺ ﱻ ﱼﱽ ﱾ ﱿ ﲀ ﲁ ﲂ ﱠ الكهف: ٢٩
“Takyk, Biz zalymlar üçin (daş-töweregi) diwarlar bilen gurşalan ody (dowzahy) taýýarladyk. Eger olar (dowzahda suw içmek üçin) haýyş etseler, olara ýüzlerini erän magdan ýaly gowrup barýan suw bilen (ýardam) berler. Gör, (ol) nähili erbet içgidir we (ol) nähili erbet söýeniljek ýerdir" (Kähf:29).
Jennet we jähennem şu wagt hem bardyr we olar hiç-haçan tükenýän däldir.
Alla tagala jennet barada şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲼ ﲽ ﲾ ﲿ ﳀ ﳁ ﳂ ﳃ ﳄ ﳅ ﳆ ﳇ ﳈ ﳉﳊ ﳋ ﳌ ﳍ ﳎ ﳏ ﳐ ﱠ الطلاق: ١١
“Kim Alla ynanyp, ýagşy işleri etse, Alla olary aşagyndan derýalar akýan jennetlere ýerleşdirer. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Alla oňa (beýle bendesine), bol rysgal berer" (Talak:11).
Jähennem barada şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱓ ﱔ ﱕ ﱖ ﱗ ﱘ ﱙ ﱚ ﱛ ﱜ ﱝﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ﱣ ﱤ ﱥ ﱦ ﱧ ﱨ ﱩ ﱪ ﱫ ﱬ ﱭ ﱮ ﱯ ﱰ ﱠ الأحزاب: ٦٤ - ٦٦
“Takyk, Alla inkär edenleri näletledi we olara ýalynly ot taýýarlady. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Şeýle hem olar özlerine ne bir hemaýatkär, ne-de bir kömekçi taparlar. Olar ýüzleri oda aýlandyrylan güni: «Käşgä, biz Alla we Onuň ilçisine tabyn bolsadyk» diýerler" (Ahzab:64-66).
Kuran we sünnetde belli bir atlar ýa-da sypatlar bilen agzalan käbir adamlaryň jennetidigine şaýatlyk berilendigine we biz hem olaryň jennetidiklerine şaýatlyk berýäris.
Ebu Bekir, Omar, Osman, Ali –Alla olardan razy bolsun- we başgada käbir sahabalaryň jennetidikleri barada Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şaýatlyk berendir.
Kuran we sünnetiň her bir mu'min ýa-da takwa diýip sypatlandyran adamsynyň jennete girjekdigine şaýatlyk berýäris.
Kuran we sünnetde belli bir atlar ýa-da sypatlar bilen agzalan käbir adamlaryň jähennemidigine şaýatlyk berilendigine we biz hem olaryň jähennemidiklerine şaýatlyk berýäris.
Kuran we sünnetiň her bir kapyr, müşrik we mynafyk diýip, sypatlandyran adamsynyň jähenneme girjekdigine şaýatlyk berýäris.
Öli gabyra salynandan soň, ondan Robbynyň, dininiň we pygamberiniň kimdigi barada soraljak, gabyr pitnesine iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱝ ﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ﱣ ﱤ ﱥ ﱦ ﱧﱨ ﱠ إبراهيم: ٢٧
“Alla berk (mäkäm) söz bilen iman getiren kişileri dünýä ýaşaýşynda we ahyretde mäkäm söz bilen berkider" (Ybraýym:27).
Mu'min adam: “Robbym Alla, dinim Yslam we pygamberim Muhammet –sallallahu aleýhi we sellemdir-“ diýip, jogap berjekdir.
Kapyr we mynafyk adam bolsa: “Bilmedim, adamlaryň bir zatlar diýýänlerini eşitdim, men hem şolar ýaly diýdim" diýip, jogap berjekdir.
Gabyr ýaşaýşynda, mu'minlere beriljek, gabyrdaky nygmatlara iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲥ ﲦ ﲧ ﲨ ﲩ ﲪ ﲫ ﲬ ﲭ ﲮ ﲯ ﲰ ﲱ ﱠ النحل: ٣٢
“Perişdeler päk (ýagşy) haldakalar janlaryny alan kişilere: «Salam size, eden işleriňiz sebäpli, jennete giriň!» diýerler" (Nahyl:32).
Gabyr ýaşaýşynda, zalym kapyrlar üçin gabyrda beriljek azaba iman getirýäris.
Bu barada Alla tagala şeýle diýýär:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲣ ﲤ ﲥ ﲦ ﲧ ﲨ ﲩ ﲪ ﲫ ﲬ ﲭ ﲮﲯ ﲰ ﲱ ﲲ ﲳ ﲴ ﲵ ﲶ ﲷ ﲸ ﲹ ﲺ ﲻ ﲼ ﲽ ﲾ ﲿ ﱠ الأنعام: ٩٣
“(Eý, Muhammet!) Sen bu zalymlary jan çekişýän (soňky deminde) wagtlary (ajal) perişdeleriniň ellerini uzadyp, (olara): «Janlaryňyzy (ruhlaryňyzy) çykaryň! Siz bu gün Alla hakda hakykat bolmadyk (ýalan) zady aýdandygyňyz, Onuň aýatlaryny ulumsylyk (bilen inkär) edendigiňiz sebäpli, ryswa ediji azap bilen jezalandyrylarsyňyz» (diýenlerinde, ol kapyrlaryň ýagdaýyny) bir görsediň!" (Engam:93).
Bu agzalan mowzugymyz barada, rowaýat edilen hadyslar kändir. Mundan soňra mu'miniň boýnuna düşýän zat, Kuran we sünnetiň gaýypdan beren habarlaryna ynanmagy gerekdir we dünýädäki görýän zatlaryna deňemesizligi gerekdir. Sebäbi ahyretdäki boljak zatlar, bu dünýädäki zatlara deňäp bolmajak zatdyr. Alla tagalanyň özi ýardam bersin!
(Bu makala Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýminiň “Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy" atly kitabyndan alnan bir parçadyr).
***