Alla tagalanyň meleklerine iman etmek
Makalanyň terjimeleri
Döredijilikler
Çeşmeler
Full Description
Alla tagalanyň meleklerine iman etmek
الإيمان بالملائكة
< التركمانية - Türkmençe >
Ýazyjy: Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin
المؤلف: الشيخ محمد بن صالح العثيمين
Terjimeçi: Ebu Huzeýfa Türkmen
Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen
ترجمة: أبو حذيفة التركماني
مراجعة: خالد أبو أنس التركماني
Alla tagalanyň meleklerine (perişdelerine) iman etmek
Alla tagalanyň meleklerine iman getirýäris, çünki:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱙ ﱚ ﱛ ﱜ ﱝ ﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ﱠ الأنبياء: ٢٦ - ٢٧
“Olar (perişdeler) sarpaly bendelerdir. Olar söz sözlemekde Alladan öňe geçmezler we Allanyň buýrugyny birkemsiz ýerine ýetirerler" (Enbiýa:26,27).
Alla tagala olary özüne ybadat etmekleri we özüne tabyn bolmaklary üçin ýaradandyr:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲙ ﲚ ﲛ ﲜ ﲝ ﲞ ﲟ ﲠ ﲡ ﲢ ﲣ ﲤ ﲥ ﱠ الأنبياء: ١٩ - ٢٠
“Oňa gulluk etmekden ulumsylyk etmezler hem-de gaçmazlar. Olar gowşaklyk görkezmezden gije-gündiz (arman-ýadaman) tesbih ederler" (Enbiýa:19,20).
Alla tagala meleklerini bizden ýaşrandygy üçin, biz olary görmeýäris, ýöne olary käbir gullaryna görkezendir.
Hakykatdan-da Pygamber -sallallahu aleýhi we sellem- Jebraýyl -aleýhissalami- alty ýüz ganatly, gözýetimi tutup duran, hakyky halda görendir.
Jebraýyl -aleýhissalm- Merýem -aleýhissalama- adam sypatynda görünendir. Merýem onuň bilen, ol-da Merýem -aleýhissalam- bilen ýüzbe-ýüz gürleşendir.
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- sahabalary bilen otyrka, Jebraýyl -aleýhissalam- hiç bir saparyň eseri görünmeýän, gap-gara saçly, ap-ak eşikli, tanalmaýan adamyň sypatynda geldide, Pygamberimiziň öňünde oturyp, dyzyny Pygamberimiziň dyzyna degirip, elini Pygamberimiziň aýagynyň üstüne goýdy-da, Pygamberimiz -sallallahu aleýhi we sellem- bilen, ýüzbe-ýüz gürleşendir. Soňra sahabalara onuň Jebraýyl –aleýhissalam- dygyny habar berendir.
Meleklere etmesi buýrulan amallaryň bardygyna iman getirýäris.
Bu meleklerden käbirleri şulardyr:
Jebraýyl –aleýhissalam-: Alla tarapyndan aýdylan wahyny, pygamberlere we resullara ýetirmeklik üçin bellenendir.
Mykaýyl –aleýhissalam-: Ýagyş ýagdyrmaklyk we ösümlikleri ösdürmeklik üçin bellenendir.
Ysrafyl –aleýhissalam-: Birinji we ikinji kyýamatyň gopmaklygy üçin surnaý çalmaklyk üçin bellenendir.
Jan alyjy melegi: Ölüm wagtynda, janlardan ruhlary çykarmaklyk üçin bellenendir.
Dag melegi: Daglar üçin bellenendir.
Mälik –aleýhissalam-: Jähennemi goramaklyk üçin bellenendir.
Olardan käbirleri: Ene ýatgysyndaky çagalaryň halyna seretmeklik üçin bellenendir.
Olardan käbirleri: Adam zady goramaklyk üçin bellenendir.
Olardan käbirleri: Edilen amallary ýazmaklyk üçin, her adama bellenen iki melekdir:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱔ ﱕ ﱖ ﱗ ﱘ ﱙ ﱚ ﱛ ﱜ ﱝ ﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ﱠ ق: ١٧ - ١٨
“(Ynsanyň) sagynda we çepinde iki sany belleýji (perişde) oturyp, onuň (edýän işlerini) belleýändirler (ýazýandyrlar). Onuň (ynsanyň) aýdýan (ähli) sözlerini (hökman) ýazýan (ýörite bellenilen) berk gözegçi (perişde) bardyr" (Kaf:17,18).
Olardan käbirleri: Öli gabyra salynandan soňra, üç sany zatdan, Robby, dini we pygamberi barada soramaga gelýän iki melekdir:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﱝ ﱞ ﱟ ﱠ ﱡ ﱢ ﱣ ﱤ ﱥ ﱦ ﱧﱨ ﱩ ﱪ ﱫﱬ ﱭ ﱮ ﱯ ﱰ ﱱ ﱠ إبراهيم: ٢٧
“Alla berk (mäkäm) söz bilen iman getiren kişileri, dünýä ýaşaýşynda we ahyretde mäkäm eder. Alla zalymlary azaşdyrar. Alla islän zadyny eder" (Ybraýym:27).
Olardan käbirleri: Jennet eýelerine hyzmat etmekleri üçin bellenendir:
ﭧﭐﭨﭐﱡﭐ ﲈ ﲉ ﲊ ﲋ ﲌ ﲍ ﲎ ﲏ ﲐ ﲑﲒ ﲓ ﲔ ﲕ ﲖ ﱠ الرعد: ٢٣ - ٢٤
“Her gapydan olaryň ýanyna perişdeler girerler hem-de: «Sabyr edeniňiz sebäpli, size salam bolsun! Diýaryň (dünýä ýaşaýşynyň ahyretdäki bagtly) soňy ne ajaýyp» (diýerler)" (Ragd:23,24).
Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- habar berýär: "Çünki asmanda beýtul-magmur diýilýän ýer bardyr. Ol ýerde her gün ýetmiş müň melek ol ýere girýändir –başga rowaýatda, namaz okaýarlar-, soňra olar, ol ýere täzeden dolanyp gelýän däldirler".
(Bu makala Şeýh Al-Useýminiň “Ähli sünnet we jemagatyň ynanjy" atly kitabyndan alnan bir parçadyr).
***